Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmen döwlet maliýe institutyny döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmen döwlet maliýe institutyny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmen döwlet maliýe institutyny döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2011-nji ýyl, № 7, 1379-njy madda)

Täze Galkynyş eýýamynda ýurdumyzy ösdürmegiň maliýe-ykdysady strategiýasyny işläp düzmek we durmuşa geçirmek, maliýe-ykdysady ulgamynda dolandyryşyň hilini gowulandyrmak üçin maliýe ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmen döwlet maliýe institutyny döretmeli.

2. Türkmen döwlet maliýe institutyny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyna bermeli.

3. Türkmenistanyň Maliýe ministrligi Türkmen döwlet maliýe institutyny saklamak üçin zerur çykdajylar bilen bagly üýtgetmeleri 2011-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetine girizmeli.

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti G.Mezilow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Goçyýew, Türkmenistanyň Maliýe ministri D.Sadykow, Türkmenistanyň Bilim ministri G.Mämmedowa hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2011 ý. iýul aýynyň 08-i.

№ PP-5800