Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligini döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligini döretmek hakynda
010.150.010
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2011-nji ýyl, № 4,5, 1280-nji madda)
Täze galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda döwletimiziň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini mundan beýläk hem dowam etdirmek, ýurdumyzda zähmet we iş üpjünçiligi meselelerini düzgünleşdirmek, ilatyñ zähmet hukuklaryny we kepilliklerini üpjün etmek hem-de durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyñ Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligini döredip, Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligini ýapmaly.
2. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligini ýapylan Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
3. Türkmenistanyñ Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri iki aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
4. Şu Permanyñ ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary T.Japarow gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2011 ý. aprel aýynyň 8-i
№ PP-5755