Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi
geçirmek hakynda
050.070.030
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý., № 12, 3854-nji madda)
Ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
1. 2015-nji ýylyň 27-nji dekabryndaky dynç gününi 2016-njy ýylyň 2-nji ýanwaryna - şenbe gününe geçirmeli.
2. 2015-nji ýylyň 27-nji dekabrynyň iş tertibini hepdäniň şenbe gününiň iş tertibine laýyklykda bellemeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri
2015-nji ýylyň 25-nji dekabry
№ PP-6861