Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap

Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

010.200.040

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý., № 12, 3850-nji madda)

Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny uly üstünliklere besläp, halkara derejesinde dabaraly belleýär. Bitaraplyk syýasaty -agzybirlik, parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatydyr. Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk syýasaty Ýer ýüzüniň ähli ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Geçen ýigrimi ýyl Berkarar döwletimiziň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň halkara bileleşigi üçin örän uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyň görkezdi. Garaşsyz Watanymyz bu belent derejesine esaslanyp, dünýä döwletleri, iri halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Dürli ugurlarda bilelikdäki halkara taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň amala aşyrýan halkara hyzmatdaşlygy ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, ylmyň we bilimiň ösmegine, milli medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly itergi berýär. Oňyn Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan Berkarar döwletimiziň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan beýik üstünliklerine, ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklaryny ösdürmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge daşary ýurt raýatlary hem uly goşant goşýarlar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmakda, halkara abraýyny ýokarlandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysadyýetini, ylmy, bilimi, medeniýeti, sungaty ösdürmekde bitiren hyzmatlaryny, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hasan Abdulla Al Adab AI Zarunini,

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Wiktorowiç Blohini,

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýao Sinhuany,

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Seýed Muhammet Musa Haşemi Golpaýeganini,

Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Orman Karimowiç Nurbaýewi,

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň Yrak boýunça Ýörite wekili, Birleşen Milletler Guramasynyň Yraga ýardam bermek boýunça missiýasynyň başlygy Ýan Kubişi,

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň hemişelik wekili Jasinta Katerina Barrinsi,

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Oýunsaýhan Dendewnorowy,

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky Merkeziniň başlygy Iwo Lýubenow Petrowy,

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençany,

Basylyp alnan palestina topragynda Ysraýyl tarapyndan diwaryň gurulmagy netijesinde ýetirilen zeleliň Reýestriniň Sekretariatynyň Ýerine ýetiriji direktory Wladimir Gorýaýewi,

Apostol Nunsiaturasynyň Türkmenistandaky medeni meseleler boýunça attaşesi Anjeý Madeýi,

«Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy,

«Polimeks Inşaat Taahhüt we Sanaýi Tijarat A.Ş.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabandžany,

«Engin Grup» konsorsiumynyň ýolbaşçysy Engin Kaleni,

«Renaissance Holding» kompaniýasynyň dolandyryşynyň başlygy Erman Ylyjagy,

«Kotam Enterpraýzis LTD» kompaniýasynyň wise prezidenti Seda Gengörüni,

Halkara «ARETI» kompaniýalar toparynyň prezidenti Igor Wiktorowiç Makarowy,

«VINCI Construction Grands Projects» kompaniýasynyň Türkmenistan boýunça başlygy Şarl Santeri,

«Çifal» kompaniýalar toparynyň prezidenti we baş direktory Žil Remini,

«PetroÇhina» kompaniýasynyň direktorynyň orunbasary, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (International «CNPCI») kompaniýasynyň baş direktory Lýu Gunsýuny,

Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň saglygy goraýyş meseleleri boýunça Ýörite geňeşçisi, «Medical Excellence Japan» kompaniýasynyň prezidenti Ýamamoto Sýudzony,

Günorta Koreýanyň Orta Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk boýunça dostluk assosiasiýasynyň prezidenti Li Ok Rýuny,

Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Antropologiýa we etnologiýa institutynyň alyp baryjy ylmy işgäri Nadežda Anatolýewna Dubowany,

Beýik Britaniýanyň London uniwersitetiniň Arheologiýa institutynyň ylmy işgäri Paul Dawid Wordsworty,

Fransiýa Respublikasynyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Ylmy merkeziniň direktory Julio Kesar Bendezu Sarmientony,

Italiýa Respublikasynyň Bolonýa şäher uniwersitetiniň mugallymy Barbara Çerasettini,

Ispaniýa Patyşalygynyň Madrid Awtonom uniwersitetiniň mugallymy Joakuin Maria Kordoba Zoilony,

Çehiýa Respublikasynyň Praga şäheriniň Arheologiýa institutynyň rejeleýjisi Estelle Ottenwelteri.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2015-nji ýylyň 2-nji dekabry

№ PP-6855