Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny 2016-njy ýylda çagyrmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny 2016-njy ýylda çagyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny

2016-njy ýylda çagyrmak hakynda

010.190.150

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý. № 9, 3769-njy madda)

Asyrlaryň dowamynda asylly ýörelgeleri, pähim-paýhasy bilen halkymyzyň görelde mekdebine öwrülen ýaşulularymyza hormat-sarpa goýmak, olaryň abraý-mertebesini belende götermek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimizi asyllylyk, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde ýaşuly nesliň göreldesini nusga edinmek, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlere ýaşululary işjeň çekmek, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda, möhüm ähmiýetli meseleleri pähim-parasatly ýaşulular bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý tejribesini netijeli peýdalanmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny 2016-njy ýylda Aşgabat şäherinde çagyrmaly.

2. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň gün tertibine döwlet durmuşynyň ilkinji nobatdaky meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlemeli.

3. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny guramaçylykly geçirmek we gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek, toplamak hem-de seljermek boýunça Döwlet toparyny döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly (goşulýar).

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň Iş dolandyryjysy hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2015 ý. sentýabr aýynyň 10-y

№ PP-6810

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2015-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda

çykaran PP-6810-njy Permany bilen

tassyklandy

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny guramaçylykly

geçirmek we gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek, toplamak hem-de seljermek boýunça Döwlet toparynyň

DÜZÜMI

Toparyň Başlygy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Toparyň Başlygynyň orunbasary

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary

Toparyň agzalary

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy

Türkmenistanyň Prezidentiniň kömekçisi

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri

Türkmenistanyň Goranmak ministri

Türkmenistanyň Içeri işler ministri

Türkmenistanyň Baş prokurory

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy

Türkmenistanyň Adalat ministri

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň direktory

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň direktory

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň Iş dolandyryjysy