Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Oraza baýramyny bellemek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Oraza baýramyny bellemek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A NY

Oraza baýramyny bellemek hakynda

010.210.000

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý. № 7, 3696-njy madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, türkmen halkynyň köp asyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak, şeýle hem «Oraza baýramyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndan çykaran 2432-nji Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2015-nji ýylyň 18-nji iýulynda bellemeli we şol güni iş güni däl diýip yglan etmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenitanyň Gurbanguly

Prezidenti Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 13-nji iýuly.

№ PP-6777