Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda
050.100.010
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý. № 7, 3695-nji madda)
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan:
býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň;
pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň;
talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmaly.
2. 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan:
Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 966 manat, iň ýokary möçberini 1302 manat möçberde;
Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çeken weteranlaryň pensiýalarynyň aýda iň ýokary möçberini 1185 manat möçberde;
pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 231 manat möçberde;
döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 220 manat möçberde bellemeli.
3. Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 590 manat möçberde bellemeli we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmaly.
4. 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini şu Permana 1-7-nji goşundylara* (*Ýygyndyda 1-7-nji goşundylar getrilmeýär) laýyklykda tassyklamaly.
5. Zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün etmeli.
6. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Türkmenistanyň Maliýe ministri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2015-nji ýylyň 9-njy iýuly.
№ PP-6776