Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

2015-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny geçirmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

2015-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny geçirmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

2015-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň

maslahatyny geçirmek hakynda

010.190.150

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý. № 6, 3651-nji madda)

Asyrlaryň dowamynda asylly däpleri, pähim-paýhasy bilen merdana halkymyzyň görelde mekdebi bolup gelen ýaşulularymyza hormat-sarpa goýmak, olaryň abraý-mertebesini has ýokary götermek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimizi asyllylyk, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde ýaşuly nesliň mynasyp ornuna buýsanmak bilen, döwlet ähmiýetli, giň gerimli işlere ýaşululary işjeň çekmek, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini berkitmekde, il-ýurt bähbitli meseleleri pähim-parasatly ýaşulular bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý tejribesini netijeli peýdalanmak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda çykaran 6642-nji Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny 2015-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda geçirmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Maslahatynyň edarasynyň Iş dolandyryjysy hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 27-nji iýuny .

№ PP-6758