Täze ýyl baýramy mynasybetli iş gününi geçirmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Täze ýyl baýramy mynasybetli iş gününi geçirmek hakynda
050.070.030
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2012 ý., № 12, 2263-nji madda)
Ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, karar edýärin:
1. 2012-nji ýylyň 31-nji dekabryndaky – duşenbedäki iş gününi 29-njy dekabra- şenbe gününe geçirmeli.
2. 2012-nji ýylyň 31-nji dekabrynyň iş tertibini hepdäniň şenbe gününiň iş tertibine laýyklykda bellemeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.
2012 ý. dekabr aýynyň 20-si.
№ PP- 6223