Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwini döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwini döretmek hakynda

120.050.010

010.120.000

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2012 ý., № 8, 2109-njy madda)

Türkmenistanda arhiw işini kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet, syýasy-jemgyýetçilik işiniň ähli ugurlaryny beýan edýän resminamalaýyn mirasynyň toplanmagyny, hasaba alynmagyny, peýdalanylmagyny we abat saklanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwini edara görnüşli tarap hökmünde döretmeli.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi bir aý möhletde:

Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen ylalaşyp, Arhiwiň gurluşy, işgär sany we ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklary baradaky teklipleri;

Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Arhiw hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamak üçin bermeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy H.Muhammedow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary S.Toýlyýew, A.Goçyýew we Türkmenistanyň Adalat ministri M.Garryýew gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2012-nji ýylyň 16-njy awgusty.

№ PP-6162