Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet

komitetini döretmek hakynda

010.150.030

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2012 ý., № 8, 2108-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli sebitleriniň syýahatçylyk mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn özleşdirmek we giňeltmek, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, täze syýahatçylyk ugurlaryny açmak, şeýle hem ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetini döredip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy baradaky komiteti ýapmaly.

2. Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetini ýapylan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy baradaky komitetiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

3. Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bir aý möhletde:

Türkmenistanyň Maliýe ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ylalaşyp, Komitetiň merkezi edarasynyň gurluşy, işgär sany we ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklary baradaky teklipleri;

garamagyna berilýän edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň sanawyny;

Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Komitet hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamak üçin bermeli.

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary S.Toýlyýew, B.Hojamuhammedow, A.Goçyýew we Türkmenistanyň Adalat ministri M.Garryýew gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2012-nji ýylyň 16-njy awgusty.

№ PP-6161