Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet

komitetini döretmek hakynda

010.150.030

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2012 ý., № 8, 2107-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, şeýle hem ýurdumyzyň sport ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetini döredip, Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetini ýapmaly.

2. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetini ýapylan Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

3. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bir aý möhletde:

Türkmenistanyň Maliýe ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ylalaşyp, Komitetiň merkezi edarasynyň gurluşy, işgär sany we ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklary baradaky teklipleri;

garamagyna berilýän edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň sanawyny;

Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Komitet hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamak üçin bermeli.

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary S.Toýlyýew, A.Goçyýew we Türkmenistanyň Adalat ministri M.Garryýew gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2012-nji ýylyň 16-njy awgusty.

№ PP-6160