Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Oraza baýramyny bellemek hem-de dynç gününi geçirmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Oraza baýramyny bellemek hem-de dynç gününi geçirmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Oraza baýramyny bellemek hem-de dynç gününi geçirmek hakynda

010.210.000

050.070.030

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2012 ý., № 8, 2105-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, Türkmen halkynyň köp asyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak, şeýle hem «Oraza baýramyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran 2432-nji Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2012-nji ýylyň 19-njy awgustynda bellemeli we 19-njy awgustdaky dynç gününi 20-nji awgusta geçirmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2012-nji ýylyň 13-nji awgusty.

№ PP-6158