Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Energetika ministrligini döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Energetika ministrligini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Energetika ministrligini döretmek hakynda

090.210.010

010.150.010

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2012 ý., № 7, I-bölek, 2001-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk dörüde ýurdumyzyň energetika pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Energetika ministrligini döredip, Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrligini ýapmaly.

2. Türkmenistanyň Energetika ministrligini ýapylan Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

3. Türkmenistanyň Energetika ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Ministrlik hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary A.Ýegeleýew we A.Goçyýew gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2012-nji ýylyň 6-njy iýuly.

№ PP-6101