Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny döretmek hakynda
130.010.100
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2012 ý., № 5, 1917-nji madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäniň ösen ýurtlarynda gurluşyk hem-de binagärlik ulgamyna mahsus bolan iň oňat ýörelgeleri we döwrebap tejribeleri ýurdumyzda giňden ornaşdyrmak, ýurdumyzyň binagärlik, gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty pudaklaryny has-da ösdürmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmen politehniki institutyny ýapyp, onuň binýadynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny döretmeli.
2. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny ýapylan Türkmen politehniki institutynyň hukuk oruntutary hasaplamaly.
3. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyna bermeli.
4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary S.Toýlyýew, A.Ýegeleýew, Türkmenistanyň Bilim ministri G.Mämmedowa hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2012-nji ýylyň 25-nji maýy.
№ PP-6080