Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

010.180.020

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016-njy ýyl, № 5-6, 4096-njy madda)

Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Permanlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmeli:

l. «Döwlet pajy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 29-njy noýabrynda çykaran 1077-nji Permanynda (Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň 1993-nji ýyldaky 11-nji ýygyndysynyň I böleginiň 1644-nji maddasy):

I bölümine şu mazmunly bäşinji bendi goşmaly:

«gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin;»;

III bölümine 26-njy kiçi bölüminden soň şu mazmunly 27-nji kiçi bölümi goşmaly:

«27) ähli topardaky maýyp adamlar, Beýik Watançylyk urşunyň we beýleki döwletleriň çägindäki söweş hereketleriniň weteranlary, Beýik Watançylyk urşunyň we beýleki döwletleriň çägindäki söweş hereketlerinde wepat bolan (aradan çykan) weteranlaryň dul galan ýanýoldaşlary, radiasiýa heläkçiliginiň we betbagtçylygynyň netijesinde ejir çeken adamlar, ata-enesiniň howandarlygyndan galan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar; döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrylmagynyň netijesinde ýüze çykan eýeçilik hukugynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy; paýly gurluşygyň obýekti öý bolup durýan bolsa, onda şeýleşertnamanyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy; gozgalmaýan emläge bolan «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň güýje girmeginden öň ýüze çykan hukuklaryň, hukuklaryň borçlanmasynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy;Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolandyryş-çäk düzümlerine, ilatly ýerlere we olaryň düzüm böleklerine, şeýle hem döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna, beýleki obýektlere atlaryň dakylmagy we olaryň atlarynyň üýtgedilmegi bilen bagly, gozgalmaýan emlägiň kybaplaşdyryş maglumatlarynyň üýtgedilmeginiň döwlet tarapyndan bellige alynmagy; kazyýet, beýleki ygtyýarly edaralar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gozgalmaýan emlägiň tussag edilmegi we onuň ýatyrylmagy barada degişli arzalar gelip gowşanda umumy esaslarda döwlet tarapyndan bellige alynmagy; kazyýetiň çözgüdi bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça we tertipde gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy ýatyrylan ýa-da üýtgedilen mahalynda Döwlet sanawyndaky ýazgynyň, degişlilikde ýatyrylmagy ýa-da üýtgedilmegi; Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.»;

IV bölüminde we VI bölüminiň 6-njy kiçi bölüminde Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligine salgylanmany Türkmenistanyň Maliýe ministrligine salgylanma bilen çalşyrmaly.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2005-nji ýylyň 29-njy martynda çykaran 4243-nji Permany (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2005-nji ýyldaky 3-nji ýygyndysynyň 100-nji maddasy) bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy hakynda Düzgünnamanyň 8-nji bölüminiň on altynjy bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«Türkmenistanda öndürilýän alkogolly içgiler boýunça goşmaça töleg nyşanlaryny taýýarlamagy üpjün edýär, hasaba alýar we paýlaýar;».

3. «Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny we jogapkär wezipeli işgärlerini seçip almak, olaryň ätiýaçlyk toparyny döretmek hem-de olary ýerbe-ýer goýmak işini guramak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 17-nji fewralynda çykaran 5539-njy Permany bilen tassyklanan:

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen wezipä bellenýän hem-de wezipeden boşadylýan ýolbaşçylarynyň we jogapkär wezipeli işgärleriniň wezipeleriniň sanawynda:

1-nji bölüminde:

ýedinji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«Türkmenistanyň Goranmak ministriniň terbiýeçilik, işgärleriň we goşunlaryň taýýarlygy boýunça orunbasary;»;

ýigriminji bendinde «Baş gözegçiliginiň başlygy» diýen sözleri «Baş gözegçilik müdirliginiň başlygy» diýen sözler bilen çalşyrmaly;

ýigrimi birinji bendinde «Baş aňtaw müdirliginiň başlygy» diýen sözleri «Baş razwedka müdirliginiň başlygy» diýen sözler bilen çalşyrmaly.

7-nji bölüminiň bäşinji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Baş döwlet bellige alyjysy.»;

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, wezipä bellenýän we wezipeden boşadylýan ýolbaşçylarynyň we jogapkär wezipeli işgärleriniň wezipeleriniň sanawynyň 6-njy bölüminiň bäşinji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Baş döwlet bellige alyjysynyň orunbasary;»

4. «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 9-njy iýulynda çykaran 6776-njy Permanyna 1-nji goşundynyň - Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň 9-njy bölüminde «senagaty we mineral serişdeler» diýen sözleri aýyrmaly.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 4-nji maýy

№ PP-6992