Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti döretmek hakynda

010.150.030

140.101.000

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013-nji ýyl, № 12, 2917-nji madda)

Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti döretmeli.

2. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegi şol Ýerine ýetiriji komitetiň üstüne ýüklemeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary S.Toýlyýew, A.Goçyýew we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň dekabr aýynyň 18-si.

№ PP-6475.