Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013-nji ýyl, № 6, 2612-nji madda)
Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
I. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Permanlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmeli:
1. «Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny we jogapkär wezipeli işgärlerini seçip almak, olaryň ätiýaçlyk toparyny döretmek hem-de olary ýerbe-ýer goýmak işini guramak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 17-nji fewralynda çykaran 5539-njy Permanynyň 2-nji bölüminde «Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň» diýen sözleri «Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň» diýen sözler bilen çalşyrmaly;
şol Perman bilen tassyklanan, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny we jogapkär wezipeli işgärlerini seçip almak, olaryň ätiýaçlyk toparyny döretmek hem-de olary ýerbe-ýer goýmak işini guramak hakynda Düzgünnamanyň 1-nji bölüminde «Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet we gullugynyň» diýen sözleri «Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň» diýen sözler bilen çalşyrmaly;
şol Perman bilen tassyklanan, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen wezipä bellenýän hem-de wezipeden boşadylýan ýolbaşçylarynyň we jogapkär wezipeli işgärleriniň wezipeleriniň sanawynda:
1-nji bölüminiň dördünji bendinde «birinji» diýen sözi aýyrmaly;
2-nji bölüminde:
bäşinji bendinde «birinji» diýen sözi aýyrmaly;
üçünji, altynjy we sekizinji bentlerinden soň degişlilikde şu mazmunly täze bentleri goşmaly:
«Türkmenistanyň Serhet institutynyň rektory.»;
«Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň ýaraglanyş we tehnika boýunça orunbasary;»;
«Türkmenistanyň Serhet institutynyň prorektorlary.»;
3-nji bölüminde:
«Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby akademiýasynyň» diýen sözleri «Türkmenistanyň milli howpsuzlyk institutynyň» diýen sözler bilen çalşyrmaly;
altynjy we sekizinji bentlerini aýyrmaly;
4-nji bölüminiň altynjy bendini aýyrmaly;
5-nji bölüminde:
«Türkmenistanyň goşun generaly S.A.Nyýazow adyndaky Polisiýa akademiýasynyň» diýen sözleri «Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň» diýen sözler bilen çalşyrmaly;
dokuzynjy bendini aýyrmaly;
6-njy bölüminiň dördünji bendini aýyrmaly;
7-nji bölüminde:
bäşinji bendini aýyrmaly;
soňky bendinde «orunbasary» diýen sözi «orunbasarlary» diýen söz bilen çalşyrmaly;
9-njy bölüminiň altynjy bendinde «migrasiýa» diýen sözi aýyrmaly;
10-njy bölümini şu görnüşde beýan etmeli:
«10. Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy boýunça:
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen wezipä bellenýänler we wezipeden boşadylýanlar:
Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen wezipä bellenýänler we wezipeden boşadylýanlar:
Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasarlary;
Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça müdirlikleriniň başlyklary.»;
şol Perman bilen tassyklanan, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp wezipä bellenýän we wezipeden boşadylýan ýolbaşçylarynyň we jogapkär wezipeli işgärleriniň wezipeleriniň sanawynda:
8-nji bölümini şu görnüşde beýan etmeli:
«8. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy boýunça:
Pasport bölüminiň başlygy;
Wiza we rugsatnamalary beriş bölüminiň başlygy;
Maglumatlary seljeriş bölüminiň başlygy;
Raýatlyk bölüminiň başlygy;
Daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş bölüminiň başlygy;
Operatiw we anyklaýyş bölüminiň başlygy;
Welaýat we Aşgabat şäheri boýunça müdirlikleriniň başlyklarynyň orunbasarlary;
Sarahs etrap bölüminiň başlygy;
Tejen şäher bölüminiň başlygy;
Etrek etrap bölüminiň başlygy;
Garabogaz şäher bölüminiň başlygy;
Türkmenbaşy şäher bölüminiň başlygy;
Hazar şäher bölüminiň başlygy;
Serdar şäher bölüminiň başlygy;
Köneürgenç şäher bölüminiň başlygy;
Gazojak şäher bölüminiň başlygy;
Farap etrap bölüminiň başlygy;
Atamyrat şäher bölüminiň başlygy;
Magdanly şäher bölüminiň başlygy;
Seýdi şäher bölüminiň başlygy;
Baýramaly şäher bölüminiň başlygy;
Serhetabat şäher bölüminiň başlygy;
Oguzhan etrap bölüminiň başlygy;
Ýolöten etrap bölüminiň başlygy;
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky halkara howa menzilindäki migrasiýa gözegçilik postunyň başlygy.»;
9-njy bölüminde:
birinji bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy boýunça:»;
ýedinji bendinde «Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň» diýen sözleri «Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň» diýen sözler bilen çalşyrmaly.
2. «Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda çykaran 5859-njy Permany bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzüminde «Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy» diýen sözleri «Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy» diýen sözler bilen çalşyrmaly.
3. «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 6-njy iýulynda çykaran 6093-nji Permanynda:
1-nji goşundysynyň Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynda:
dördünji sütüniniň adynda «Başlygyň, ministriň, ýolbaşçynyň, direktoryň birinji orunbasary,» diýen sözleri aýyrmaly;
dördünji sütüniniň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna degişlisinden beýleki sanlaryny aýyrmaly;
33-nji bölümini şu görnüşde beýan etmeli:
«Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti 2420 1940 1685»;
57-nji bölümini şu görnüşde beýan etmeli:
«Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti 2420 1940 1685»;
şu mazmunly 69-njy bölümi goşmaly:
«69. Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiwi 2060 1640 1430»;
2-nji goşundysynyň Harby we hukuk goraýjy edaralaryň, şeýle hem olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynda:
«Ministriň, başlygyň, baş prokuroryň birinji orunbasary» diýen sütünini aýyrmaly;
7-nji bölüminde «Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy» diýen sözleri «Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy» diýen sözler bilen çalşyrmaly;
3-nji goşundysynyň Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň, şeýle hem olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynda «Häkimiň birinji orunbasary» diýen sütünini aýyrmaly.
II. «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ilaty sanitariýa taýdan arassalanylan suw bilen üpjün etmek baradaky komiteti ýapmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň 18-nji iýunynda çykaran 3417-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2001-nji ýyldaky 6-njy ýygyndysynyň 332-nji maddasy) 2-nji bölüminiň ikinji bendini;
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy baradaky komitetiň ýolbaşçylarynyň aýlyk wezipe iş haklary hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 3-nji fewralynda çykaran 5292-nji Permanyny;
«Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 8-nji iýulynda çykaran 5802-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2011-nji ýyldaky 7-nji ýygyndysynyň 1381-nji maddasy) 4-nji bölümini güýjüni ýitiren hasap etmeli.
Türkmenistanyň
Prezidenti,
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly
Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow
Aşgabat ş.
2013-nji ýylyň 04-nji iýuny
№ PP-6343