Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda
130.010.010
130.010.070
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013 ý., № 3, 2455-nji madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, çuňňur bilimli, giň gözýetimli, zehinli, Watana, halka wepaly, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer şahsyýetleri kemala getirmek, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen, karar edýärin:
1. 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap, Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdeplerinde on iki ýyllyk orta bilime geçmeli.
2. Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Toýlyýew we Türkmenistanyň Bilim ministri G.Mämmedowa gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.
2013 ý. mart aýynyň 01-i
№ PP-6291