Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Döwlet maldarçylyk birleşigini döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Döwlet maldarçylyk birleşigini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Döwlet maldarçylyk birleşigini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013 ý., № 1, 2300-nji madda)

010.150.030

090.130.120

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Döwlet maldarçylyk birleşigini döredip, Türkmenistanyň Maldarçylyk paýdarlar jemgyýetleriniň «Türkmenmallary» assosiasiýasyny ýapmaly.

2. Döwlet maldarçylyk birleşigini ýapylan Türkmenistanyň Maldarçylyk paýdarlar jemgyýetleriniň «Türkmenmallary» assosiasiýasynyň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

3. Döwlet maldarçylyk birleşigi bir aý möhletde:

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ylalaşyp, Birleşigiň merkezi edarasynyň gurluşy, işgär sany we ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklary baradaky teklipleri;

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi hem-de welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde Birleşigiň garamagyna berilýän edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň sanawyny;

Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Birleşik hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary A.Ýazmyradow, A.Goçyýew, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministri R.Bazarow, Türkmenistanyň Adalat ministri B.Çaryýew, welaýatlaryň häkimleri we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2013 ý. ýanwar aýynyň 11-i

№ PP-6231