Türkmen döwlet ylmy-önümçilik «Türkmenderman» birleşigini döretmek hakynda
TÜRKMЕNISTAN SSR-niň PRЕZIDЕNTINIŇ
P Е R M A N Y
Türkmen döwlet ylmy-önümçilik «Türkmenderman»
birleşigini döretmek hakynda
030.040.010
(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary 1990 ý.¸ № 21-22¸ 266 madda)
1. Türkmen döwlet ylmy-önümçilik «Türkmenderman» birleşigini döretmeli.
2. Türkmen döwlet ylmy-önümçilik birleşiginiň döredilmegi bilen baglanyşykly zerur çäreleri durmuşa geçirmegi Türkmenistan SSR-niň Premýer-ministri ýoldaş H. Ahmedowa tabşyrmaly, şunda şu birleşigiň sostawyna SSSR Medisina senagaty ministrliginiň respublikanyň territoriýasynda ýerleşen kärhanalaryny we guramalaryny, ýylanhanalary, şeýle hem Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň we Türkmen döwlet medisina institutynyň degişli ugurdaky ylmy podrazdeleniýelerini bermegi göz öňünde tutmaly.
Türkmenistan SSR-niň Prezidenti S. NYÝAZOW
Aşgabat şäheri.
1990-njy ýylyň 30-njy noýabry
№ 30