Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň M. I. Kalinin adyndaky oba hojalyk institutynyň tapawutlanan işgärlerini Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat haty bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň M. I. Kalinin adyndaky oba hojalyk institutynyň tapawutlanan işgärlerini Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat haty bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMЕNISTAN SSR ÝOKARY SOWЕTINIŇ BAŞLYGYNYŇ

P Е R M A N Y

Türkmenistanyň M. I. Kalinin adyndaky oba hojalyk institutynyň tapawutlanan işgärlerini Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat haty bilen sylaglamak hakynda

010.200.050

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary 1990 ý.¸ № 19-20¸ 225 madda)

Respublikanyň halk hojalygy üçin ýokary hünärli spesialistleri taýýarlamakda gazanan üstünlikleri üçin, şu aşakdakylary Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat haty bilen sylaglamaly:

Materiallaryň garşylyk görkeziş we maşynlaryň detallary kafedrasynyň müdiri Aleksandr Iwanowiç Arharowy.

Umumy we hususy zootehniki kafedrasynyň müdiri Mariýa Afanasýewna Winogradowany.

Umumy we biologiýa himiýasy kafedrasynyň dosenti Muhammetdurdy Goşaýewi.

Fiziologiýa, farmakologiýa we ýokanç däl keseller kafedrasynyň dosenti Berdi Durdyýewi.

«TSSR-iň 40 ýyllygy» okuw-tejribe kärhanasynyň pagtaçylyk brigadasynyň brigadiri Razmet Kurambaýewi.

Syýasy ykdysat kafedrasynyň müdiri Annadurdy Magtymowy.

Metallaryň tehnologiýasy kafedrasynyň uly mugallymy Walentina Stepanowna Pižurinany.

Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Başlygy S.NYÝAZOW

Aşgabat şäheri.

1990-njy ýylyň 25-nji oktýabry

№ 40-XII.