«Türkmenistan SSR-niň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady döretmek hakynda
TÜRKMЕNISTAN SSR ÝOKARY SOWЕTINIŇ BAŞLYGYNYŇ
P Е R M A N Y
«Türkmenistan SSR-niň at gazanan halyçysy» diýen hormatly
ady döretmek hakynda
010.200.050
(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary 1990 ý.¸ № 19-20¸ 216 madda)
1. «Türkmenistan SSR-niň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady döretmeli.
2.Türkmenistan SSR-niň döwlet sylaglary hakynda Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1989-njy ýylyň 5-njii ýulyndaky Ukazy (TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1989 ý.№ 13, 62-nji madda) bilen tassyklanan Düzgünnama şu aşakdaky goşmaçalary girizmeli:
a) 9-njy maddadaky «Türkmenistan SSR-niň at gazanan senagat işgäri» diýen sözlerden soň «Türkmenistan SSR-niň at gazanan halyçysy» diýen sözleri goşmaly;
b) 10-njy maddanyň 8-nji böleginden soň aşakdaky mazmunly abzasy goşmaly:
«Türkmenistan SSR-niň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at - hünäri boýunça azyndan 15 ýyllap birkemsiz işlän hem-de respublikanyň halyçylyny ösdürmekde we hala çeper nagyşlar salmakda uly hyzmatlar bitiren ýokary hünärli halyçylara dakylýar.
Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Başlygy S.NYÝAZOW
Aşgabat şäheri.
1990-njy ýylyň 19-njy oktýabry
№ 32-XII.