Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Gowurdak şäher halk suduny döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Gowurdak şäher halk suduny döretmek hakynda

TÜRKMЕNISTAN SSR ÝOKARY SOWЕTINIŇ BAŞLYGYNYŇ

P Е R M A N Y

Gowurdak şäher halk suduny döretmek hakynda

180.020.070

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary 1990 ý.¸ № 19-20¸ 214 madda)

Çärjew oblastynyň Çarşaňňy raýonynyň şäher tipli Gowurdak posýologynyň oblast tabynlygyndaky şaherleriň kategoriýasyna geçirilmegi mynasybetli:

1. Gowurdak şäher halk suduny döretmeli.

2. Gowurdak şäher halk sudunyň halk sudýalarynyň sanyny 1 sudýa mukdarynda bellemeli.

3. Gowurdak şäher halk sudunyň halk sudýasynyň saýlawlary geçirilýänçä, Çarşaňňy raýon halk sudunyň Gowurdak şäherine geçen territoriýada işlere we materiallara garamakdaky ygtyýarlaryny öňküligine saklamaly.

4. Çarşaňňy raýon halk sudunyň Gowurdak şäherinde işleýän we ýaşaýan halk oturdaşlary Gowurdak şäher halk sudunda öz ygtyýarlaryny amala aşyrýarlar diýip bellemeli.

Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Başlygy S.NYÝAZOW

Aşgabat şäheri.

1990-njy ýylyň 18-nji oktýabry

№ 31-XII.