Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Köneürgenç şäher halk suduny döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Köneürgenç şäher halk suduny döretmek hakynda

TÜRKMЕNISTAN SSR ÝOKARY SOWЕTINIŇ BAŞLYGYNYŇ

P Е R M A N Y

Köneürgenç şäher halk suduny döretmek hakynda

180.020.070

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary 1990 ý.¸ № 19-20¸ 213 madda)

Daşhobuz oblastynyň Köneürgenç raýonynyň Köneürgenç şäheriniň oblast tabynlygyndaky şäherleriň kategoriýasyna geçirilmegi mynasybetli:

1. Köneürgenç şäher halk suduny döretmeli.

2. Köneürgenç şäher halk sudunyň halk sudýalarynyň sanyny 1 sudýa mukdarynda bellemeli.

3. Köneürgenç şäher halk sudunyň halk sudýasynyň saýlawlary geçirilýänçä, Köneürgenç raýon halk sudunyň Köneürgenç şäherine geçen territoriýada işlere we materiallara garamakdaky ygtyýarlaryny öňküligine saklamaly.

4. Köneürgenç raýon halk sudunyň Köneürgenç şäherinde işleýän we ýaşaýan halk oturdaşlary Köneürgenç şäher halk sudunda öz ygtyýarlaryny amala aşyrýarlar diýip bellemeli.

Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Başlygy S.NYÝAZOW

Aşgabat şäheri.

1990-njy ýylyň 18-nji oktýabry

№ 30-XII.