Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Medeni aň-bilim edaralarynyň işgärleriniň wezipe aýlyklaryny (okladlaryny) we stawkalaryny ýokarlandyrmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Medeni aň-bilim edaralarynyň işgärleriniň wezipe aýlyklaryny (okladlaryny) we stawkalaryny ýokarlandyrmak hakynda

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ BAŞLYGYNYŇ

P E R M A N Y

Medeni aň-bilim edaralarynyň işgärleriniň wezipe aýlyklaryny (okladlaryny) we stawkalaryny ýokarlandyrmak hakynda

050.100.010

(Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990 ý, № 17-18, 181 madda)

1. Medeni aň-bilim edaralarynyň alyp barýan işiniň gowulandyrylmagyna möhüm ähmiýet berip hem-de şu pudakda işleýän işgärleriň maddy ýagdaýynyň pes derejededigini nazarda tutup, 1990-njy ýylyň 1-nji oktýabryndan medeni aň-bilim edaralarynyň işgärleriniň zähmete hak tölemegiň täze şertlerine - wezipe aýlyklaryny orta hasap bilen 40 - 50 prosent ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýan şol şertlere geçirmeli.

2. Özleriniň garamagyndaky medeni aň-bilim edaralarynyň işgärleriniň işi hakyny ýokarlandyrmak üçin zerur serişdeleri tapmagy we ony bellenen tertipde bölüp bermegi Türkmenistan SSR Ministrler Sowetine we halk deputatlarynyň ýerli Sowetlerine tabşyrmaly.

Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Başlygy S.NYÝAZOW

Aşgabat şäheri.

1990-njy ýylyň 5-nji sentýabry

№ 15-XII.