Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Ýeňil awtomobilleri satmagyň tertibini üýtgetmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Ýeňil awtomobilleri satmagyň tertibini üýtgetmek hakynda

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ PREZIDIUMYNYŇ

U K A Z Y

Ýeňil awtomobilleri satmagyň tertibini üýtgetmek hakynda

090.150.130

090.180.070

(Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990 ý, № 11-12, 143madda)

1. Ýeňil awtomobilleri paýlamakda we ilata satmakda degerli tertibi ýola goýmak, bu işde bar bolan düzgün bozmalary aradan aýyrmak maksady bilen, 1990-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, ilata ýeňil awtomobilleri satmak işini halk deputatlarynyň raýon, şäher Sowetleriniň sessiýalarynyň karar etmegi esasynda bazar fondlaryny gös-göni kärhanalar, guramalar, edaralar, kolhozlar we sowhozlar boýunça (olaryň nirä tabyndyklaryna garamazdan) paýlamak arkaly geçirmeli. Halk deputatlary Sowetleriniň şol meseleler baradaky kararlary ýerli metbugatda çap edilmelidir.

2. Umumy ýygnagyň karary ýa-da jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagy esasynda zähmetkeşler kollektiwiniň Sowetiniň çykaran karary graždana awtomobil satmak üçin esas bolup hyzmat edýär.

3. Ýeňil awtomobillere bolan bazar fondlaryny halk deputatlarynyň oblast, raýon, şäher Sowetleriniň ispolkomlaryna paýlamagy, ýeňil awtomobilleri paýlamagyň we ilata satmagyň tertibini düzgünleşdirýän normatiw aktlary şu Permana laýyk getirmegi Türkmenistan SSR Ministrler Sowetine tabşyrmaly. Ol halk deputatlarynyň ýerli Sowetleriniň ispolkomlarynda bar bolan awtomobilleri satyn almak üçin durulýan nobatlylygy gös-göni zähmetkeşler kollektiwlerinde, jemgyýetçilik guramalarynda, sosial üpjünçilik organlarynda täzeden registrirlemek baradaky çäreleri durmuşa geçirmelidir.

4. Türkmenistan SSR Prokuraturasy we Türkmenistan SSR Içeri işler ministrligi ýeňil awtomobilleri satmakda hyýanatçylyga hem-de şolar bilen spekulýasiýa edilmegine ýol bermezlik üçin goşmaça çäreleri durmuşa geçirmelidirler.

Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Başlygy S.NYÝAZOW

Aşgabat şäheri.

1990-nji ýylyň 28-nji iýuny

№ 2-XII