Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Oraza baýramyny bellemek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Oraza baýramyny bellemek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Oraza baýramyny bellemek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 6-7, 268-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň bitewiligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, türkmen halkynyň köp asyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak, şeýle hem “Oraza baýramyny bellemek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran 2432-nji Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2017-nji ýylyň 26-njy iýunynda bellemeli we şol güni iş güni däl diýip yglan etmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetrilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 23-nji iýuny.

№ PP-143