Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutyny döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutyny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutyny

döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 6-7, 266-njy madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary bilimli kämil hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutyny döretmeli.

2. Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutyny Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň garamagyna bermeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrier Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary S.Toýlyýew, D.Amangeldiýew, Türkmenistanyň Bilim ministri we Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministri gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 16-njy iýuny.

№ PP-139