Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugyny döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugyny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugyny döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 6-7, 255-nji madda)

«Korrupsiýa garşy hereket etmek hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryny ýüze çykarmak, duýdurmak, olaryň öňüni almak, üstüni açmak we derňemek boýunça işi has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugyny döretmeli.

2. Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Sekretary, Türkmenistanyň Goranmak ministri Ý.Berdiýew, Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2017-nji ýylyň 01-nji iýuny

№ PP-125