1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda
010.210.000
190.020.020
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 4-5, 184-nji madda)
Ýurdumyzyň ilatynyň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
1. 2017-nji ýylyň 7-nji maýyndaky dynç gününi 8-nji maýa - duşenbe gününe geçirmeli.
2. 2017-nji ýylyň 7-nji maýynyň iş tertibini hepdäniň duşenbe gününiň iş tertibine laýyklykda bellemeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 5-nji maýy.
№ PP-103