Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2026 ý., № 3-4, 1208-nji madda)
Milli baýlygymyz we guwanjymyz, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, türkmen atlarynyň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda hem-de kämilleşdirmekde gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly:
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Atly sport we atly syýahat bölüminiň atbakary Rejepmuhammet Ataýewiç Gylyjowa,
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri, hususy atşynas Ataberdi Borjakowa,
Aşgabat şäherinden hususy atşynas Bäşim Öwezmyradowiç Bäşimowa,
Balkan welaýatyndan hususy atşynas Orazdurdy Mämmetniýazowiç Orazmyradowa,
Daşoguz welaýatyndan hususy atşynas Hemra Täzebaýewiç Rejepowa.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2026-njy ýylyň aprel aýynyň 20-si.
№ PP-683