Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2025 ý., № 11-12, 1093-nji madda)

Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny uly üstünlikler besläp, dünýä derejesinde dabaraly belleýär. Berkarar Watanymyzyň Bitaraplyk syýasaty Ýer ýüzüniň ähli ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegi, halkymyzyň parahat, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, Türkmenistan dünýä döwletleri, iri halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýär. Dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrýar.

Alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy ykdysadyýetiň pudaklarynyň, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň ösmegine, milli medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly itergi berýär. Oňyn Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän Berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraýy-da yzygiderli ýokarlanýar. Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan beýik üstünliklerine, halkara parahatçylygyny we ynanyşmagy berkitmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge daşary ýurt raýatlary hem uly goşant goşýarlar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmakda, saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlygy berkitmekde, halkara parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny bütin dünýäde goldamakda we wagyz etmekde bitiren uly hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ulgamynda okkupirlenen Palestina çäginde Diwaryň gurluşygy sebäpli ýetirilen zyýanlary Hasaba alyş edarasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy Wladimir Iwanowiç Gorýaýewi,

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýany,

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzeni,

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitro Şlapaçenkony,

Koreýa Respublikasynyň «Bütindünýä innowasiýalary öwreniş» institutynyň başlygy Kim Jin Pýony,

Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy, Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň ýapon böleginiň başlygy Endo Toşiakini,

«Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy,

«Bouygues» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Martin Buigi,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň raýaty, kardiohirurg lukman Dr.Maýsner Ýohann Engelberti,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Lýudwig-Maksimilian Uniwersitet klinikalar toplumynyň Ortopediýa, fiziki medisina we reabilitasiýa klinikasynyň (Grosshadem kampusy) bölüm ýolbaşçysy Dr.Ýansson Folkmary,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Lýudwig-Maksimilian Uniwersitet klinikalar toplumynyň 4-nji Medisina klinikasynyň we poliklinikasynyň (Grosshadem kampusy) direktorynyň Orunbasary Dr.Parhofer Klaus Georgy,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Lýudwig-Maksimilian Uniwersitet klinikalar toplumynyň Fýurstenfeldbruk ylmy-gözleg klinikasynyň Umumy we wisseral hirurgiýa klinikasynyň baş lukmany Dr.Şpelsberg Fritz Wilhelm Wolfgangy,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Dermatologiýa estetikasy we deriniň howply çişleriniň öňüni alyş klinikasynyň lukmany Dr.Hoýsermann-Mangold Lizl Dorisi.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 6-sy.

№ PP-606