Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewi Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewi Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň
çözgütleriniň ýygyndysy, 2025 ý., № 8-9, 1022-nji madda)
Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, türkmen we özbek halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge, döwlet hem-de jemgyýetçilik işi bilen ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmaga goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewi Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2025-nji ýylyň awgust aýynyň 5-i.
№ PP-569