Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2025 ý., № 6-7, 966-njy madda)

Ulag we aragatnaşyk toplumyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmaly.

2. Ýatyrylan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyndaky:

1) «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň işini bes edip, olaryň binýadynda degişlilikde Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligini döretmeli;

2) «Türkmenhowaýollary» agentligini we «Türkmendeňiz-derýaýollary» agentligini degişlilikde «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy we Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy diýip atlandyrmaly hem-de olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna bermeli.

3. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministriniň iki orunbasary, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň üç orunbasary, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministriniň iki orunbasary, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygynyň iki orunbasary hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygynyň iki orunbasary bolmaly.

4. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligini degişlilikde işini bes eden «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hukuk oruntutarlary diýip kesgitlemeli.

5. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde degişlilikde:

1) Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy, Türkmenistanyň Deniz we derya ulaglary döwlet gullugy hakynda Düzgünnamalaryň, olaryň merkezi edaralarynyň gurluşlarynyň taslamalaryny hem-de işgär sanynyň we ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklalynyň möçberlerini;

2) şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

6. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygy, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2025-nji ýylyň 11-nji iýuly

№ PP-546