Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

S. P. Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

S. P. Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

S. P. Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy»

diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2025 ý., № 1-2, 897-nji madda)

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda atçylygy ösdürmekde, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de ýokarlandyrmakda, dünýä meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermekde bitiren uly hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini we hünär ussatlygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi - topar ýolbaşçysy Serdar Pygyýewiç Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 31-i.

№ PP-513