Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2024 ý., № 11-12, 879-njy madda)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýan syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Gündogaryň beýik akyldary we türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny ylmy taýdan düýpli öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýurdumyzda we halkara derejesinde giňden bellenip geçilmegini guramak, onuň şygyrlar diwanyny türkmen we dünýäniň ençeme dillerinde ýokary hilli neşir edip, dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek, milletiň buýsanjy bolan Magtymguly Pyragynyň halkymyzyň agzybirliginiň has-da pugtalanmagynda uly ähmiýeti bolan edebi mirasyny gymmatly hazyna hökmünde aýap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek, nusgawy şahyrymyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da artdyrmak barada bimöçber işler alnyp barylýar.

Täze taryhy döwürde Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilmegi, «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de şahyryň ajaýyp ýadygärliginiň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna belent sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr, şol ýerde daşary ýurtlaryň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň, akyldarlarynyň heýkelleriniň oturdylmagy bolsa, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýlan dost-doganlyk we parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklara ygrarlydygynyň güwäsidir.

Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny, halkara abraýyny pugtalandyrmakda, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, Türki döwletleriň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmeginde, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmekde, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşmakda, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde hem-de ýaýratmakda, wagyz etmekde we onuň ynsanperwer taglymatyny durmuşa ornaşdyrmakda, şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de saldamly goşandyny, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeşler toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň kararyny nazara alyp, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 9-y

№ PP-502