Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Klaus Georg Dr. Parhoferi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Klaus Georg Dr. Parhoferi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Klaus Georg Dr. Parhoferi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2024 ý., № 11-12, 874-nji madda)

Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandymaga goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Lýudwig-Maksimiliýan uniwersitetiniň Grosshadem kliniki müdiriýetiniň 4-nji klinikasynyň we poliklinikasynyň direktorynyň orunbasary Klaus Georg Dr. Parhoferi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 9-y

№ PP-497