Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Şarifowiç Rahmony Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Şarifowiç Rahmony Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2024 ý., № 10, 840-njy madda)
Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga we baýlaşdyrmaga, türkmen we täjik halklarynyň arasynda dost-doganlygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Şarifowiç Rahmony Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 11-i.
№ PP-478