Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2024 ý., № 10, 831-nji madda)

Magtymguly Pyragy Ýer ýüzüniň halklaryna belent ruhly, sagdyn ahlakly, çuň many-mazmunly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Häzirki döwürde bütin adamzat türkmen halkynyň beýik oglunyň hatyrasyny belende tutup, söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç-kuwwat alýar. Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň we agzybirligiň mukamy bolup ýaňlanýan ajaýyp goşgulary her bir ynsanyň köňül nagşydyr, ýürek buýsanjydyr. Şoňa görä-de, nusgawy şahyryň şygryýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem Ýer ýüzüniň beýleki milletleri hem uly hormat goýýar. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara we sebit guramalarynyň, Türkmenistan bilen dostlukly döwletleriň, şeýle hem, beýik ynsanperwer şahyryň ajaýyp şygyrlarynyň teşnesi bolan adamlaryň Gündogaryň ajaýyp şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini halkara derejesinde giňden wagyz etmekde ýerine ýetirýän işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli medeniýetini ösdürmäge uly goşant goşýan ylmy barlaglary, türkmen halkynyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ony aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda we baýlaşdyrmakda, halklaryň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekde görkezen aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň esaslandyryjysy we başlygy Neda Leonidowna Bergeri,

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Smitson institutynyň Milli tebigy taryhy muzeýiniň Antropologiýa bölüminiň jogapkär işgäri Pol Maýkl Teýlory,

Ermenistan Respublikasynyň «Fortuna-Amşen» çaphanasynyň direktory Waružan Surenowiç Saakýany,

Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan Döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň Türkologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Amaliýa Nşanowna Agajanýany,

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Medeniýet we jemgyýetçik işleri boýunça geňeşçisi Seýedmohammad Seýedali Hosseinini,

Eýran Yslam Respublikasynyň Eýran türkmenleriniň edebiýatyna we medeniýetine bagyşlanan «Ýaprak» çärekleýin halkara žurnalynyň hem-de «Sähra» hepdelik žurnalynyň baş redaktory Mahmud Marjan ogly Atagözlini,

Nyzamy Genjewi Halkara merkeziniň (Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäheri) geňeşçisi, Hindistan Respublikasynyň Kaşemir şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Nasim Ahmed Şahy,

Hindistan Respublikasynyň Gahri Padla şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Abhaý Kumar Maurýany,

Hytaý Atçylyk Assosiasiýasynyň Baş sekretary Ýue Gaofengy,

Hytaý Halk Respublikasynyň Niňsýa Uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory Çžao Sýaoszýany,

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölüminiň Päkistanda ýaşaýan türkmenleriň Magtymguly adyndaky birleşiginiň başlygy Mohammad Rahim Kliçi,

Päkistan Yslam Respublikasynyň Parahatçylygy öwreniş we diplomatiýa institutynyň prezidenti Nur Farhat Asifi,

Russiýa Federasiýasynyň «Moskowskiý literator» gazetiniň baş redaktory Iwan Ýurýewiç Golubniçiýini,

Ukrainanyň Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň Ukrain dilini öwreniş ylmy-barlag institutynyň baş ylmy işgäri Mikola Waskiwi,

Ukrainanyň Taras Şewçenko adyndaky «Proswita» bütindünýä jemgyýetiniň ýolbaşçysy Pawlo Mowçany,

Ýaponiýanyň Parlamentara ýapon-türkmen dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentara Wekiller palatasynyň agzasy Endo Toşiakini,

Gyrgyz Respublikasynyň Çingiz Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň müdiri Abdyldažan Amanturowiç Akmataliýewi,

Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti, kompozitory Tugelbaý Toktogulowiç Kazakowy,

Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň agzasy Sirojiddin Salyhowiç Saidowy,

Özbegistan Respnblikasynyň Alyşer Nowaýy adyndaky Daşkent döwlet Özbek dili we edebiýaty institutynyň Edebiýat nazarýeti we häzirki zaman edebiýaty kafedrasynyň müdiri Bahodir Nurmetowiç Karimowy,

Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, Milli Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň direktory Isa Akbar ogly Habbibeýlini,

Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri Ismihan Magammad oglu Osmanlyny,

Täjigistan Respublikasynyň Оli Majlisiniň Namaýandagon Majlisiniň (aşaky palatasynyň) deputatlarynyň etikasy boýunça kommisiýasynyň başlygy Faýzullo Baratzodany,

Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Azat daýhan birleşiginiň başlygy Meretkul Awlýakulowiç Gaýypnazarowy,

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň geňeşçisi, L.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň Telewideniýe-radio we jemgyýetçilik gatnaşyklary kafedrasynyň profesory Bauyržan Žumahanuly Omarowy,

Gazagystan Respublikasynyň L.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň Türki ylymlar kafedrasynyň professory Amantaý Žarylkasynuly Şaripy,

Türkiýe Respublikasynyň Başkent uniwersitetiniň Alyşir Nowaýy adyndaky Ylmy-barlag merkeziniň ýolbaşçysy Güzel Abdurahmany,

Türkiýe Respublikasynyň Ankara uniwersitetiniň Dil we taryh-geografiýa fakultetiniň häzirki zaman türki dilleri we edebiýatlary kafedrasynyň mugallymy Berdi Saryýewi,

Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Akimowiç Raýewi.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 9-y.

№ PP-469