Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2024 ý., № 10, 824-nji madda)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek boýunça döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, ylmy edaralaryň wekilleriniň we alymlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna sagdyn kadalary ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni alyp, olary netijeli bejermäge uly ähmiýet berilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrýan halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, ýurdumyzda bu ulgamy döwrebaplaşdyrmakda, ynsanperwer, haýyr-sahawat hereketini, saglygy goraýyş işini ösdürmekde, howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk kömegini bermekde bitiren hyzmatlaryny, keselleriň öňüni alyş we sagaldyş-dikeldiş işiniň oňyn tejribelerini ornaşdyrmaga goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamaly:

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner, kardiohirurg lukmany Dr. Meisner Johann Engelberti,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlindäki Steinbeis uniwersitetiniň professory, Lýudwigshafen şäherindäki «Prof.Dr.Dhom & Kollegen» hususy kärhanasynyň stomatolog lukmany Dr. Dhom Günter Jakoby,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäherindäki Lýudwig Maksimiliýan adyndaky lukmançylyk uniwersitet klinikasynyň ortopediýa, fizioterapiýa we reabilitasiýa klinikasynyň hirurg-ortoped lukmany Dr. Jansson Wolkmary,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Oberursel şäherindäki Hirurgiýa, onkologiýa we estetiki dermatologiýa ýöriterleşdirilen klinikasynyň dermatolog lukmany Dr. Haussermann-Mangold Liesl Dorisi,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäherindäki Lýudwig Maksimiliýan adyndaky lukmançylyk uniwersitetiniň Fýurstenfeldbruk ylmy-gözleg klinikasynyň Umumy wisseral hirurgiýa klinikasynyň hirurg lukmany Dr. Spelsberg Fritz Wilhelm Wolfgangy.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 4-i.

№ PP-454