Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümini tassyklamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümini tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2025 ý., № 1-2, 895-nji madda)
«Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda çykaran 6434-nji Permany bilen tassyklanan Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitet hakynda Düzgünnamanyň üçünji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
1. Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümini tassyklamaly (goşulýar).
2. Şu Perman 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan herekete girýär.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça Orunbasary hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministri gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2025-nji ýylyň 10-njy ýanwary
№ PP-509
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda
çykaran РР-509-njy Permany bilen
tassyklandy
Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň
DÜZÜMI
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň baş direktorynyň orunbasary, şol Merkeziň Döwlet muzeýiniň direktory (Komitetiň başlygy)
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory
«Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory
«Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň direktory
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri
Bellik: Komitetiň düzümine girýän beýleki medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň sanawy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan hödürlenýär.