2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2025 ý., № 1-2, 894-nji madda)
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň abraýly we jogapkärli agzasy hökmünde häzirki zaman halkara durmuşyna işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň döwletimiz häzirki wagtda ählumumy gün tertibinde duran parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge, durmuş, ekologiýa, ynsanperwer we beýleki meseleleri çözmäge gönükdirilen, köptaraplaýyn resminamalaryň kabul edilmegi netijesinde durmuşa geçirilýän möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär.
Ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp, şeýle hem 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman Türkmen döwletiniň durmuşynda şanly ýubileýi - Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belläp geçmek hem-de Türkmenistanda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşlary bolan dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen bilelikde ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm halkara forumlary, maslahatlary, duşuşyklary, beýleki dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparyny döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly (goşulýar).
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2025-nji ýylyň 3-nji ýanwary
№ PP-507
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2025-nji ýylyň 03-nji ýanwarynda
çykaran PP-507-nji Permany bilen
tassyklandy
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparynyň
DÜZÜMI
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy - (Guramaçylyk toparynyň Başlygy)
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri (Guramaçylyk toparyň Başlygynyň orunbasary)
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy
Türkmenistanyň Baş prokurory
Türkmenistanyň Goranmak ministri
Türkmenistanyň Içeri işler ministri
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri
Türkmenistanyň Adalat ministri
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri
Türkmenistanyň Energetika ministri
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministri
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministri
Türkmenistanyň Bilim ministri
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri
Türkmenistanyň Medeniýet ministri
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy
Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy
«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory
Türkmenistanyň Döwlet ministri - «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy
«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy
«Türkmenpagta» döwlet konserniniň başlygy
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory
«Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň başlygy
Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy
Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy
«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň başlygy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy
Ahal welaýatynyň häkimi
Balkan welaýatynyň häkimi
Daşoguz welaýatynyň häkimi
Lebap welaýatynyň häkimi
Mary welaýatynyň häkimi
Aşgabat şäheriniň häkimi
Arkadag şäheriniň häkimi