Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

A.S.Nurmuhammedowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

A.S.Nurmuhammedowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

A.S.Nurmuhammedowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2024 ý., № 8-9, 802-nji madda)

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň häzirki belent derejelere ýetmeginde gazanan ajaýyp üstünliklerini, ata Watanymyzy, mähriban halkymyzy belentden wasp etmek bilen milli medeniýetimizi, milli aýdym-saz we tans sungatymyzy milli ruhda ösdürmäge we dünýä ýaýmaga goşan uly şahsy goşandyny, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirip, zehinli ýaşlarymyzy ýetişdirmekde bitiren giň gerimli işlerini, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we döredijilikli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Annajemal Saparowna Nurmuhammedowa Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini - «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmaly we oňa «Altyn Aý» altyn nyşanyny gowşurmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 24-i.

№ PP-442