Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

I.I.Kuzmine «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

I.I.Kuzmine «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

I.I.Kuzmine «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2024 ý., № 8-9, 801-nji madda)

Türkmenistanyň giň möçberli milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň oba hojalygyny ulgamlaýyn we ylmy esasda ösdürmäge, däne we galla ekinleriniň tohumçylygyny we seleksiýasyny önümçilige ornaşdyrmaga, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, häzirki zaman usullaryny ulanmak arkaly bugdaýyň täze görnüşlerini döretmäge, ýetişdirmäge, synagdan geçirmäge we bol hasyl alynmagyny üpjün etmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny, seýle hem ýokary hünär ussatlygyny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň Başlygy Iwan Iwanowiç Kuzmine Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini - «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmaly we oňa «Altyn Aý» altyn nyşanyny gowşurmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 24-i.

№ PP-441