Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2024 ý., № 8-9, 808-nji madda)

Arkadag şäheriniň ähli ulgamlaryny sazlaşykly we durnukly ösdürmek, ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine we dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamaly (goşulýar).

2. Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we Arkadag şäheriniň häkimligi şu Permanyň birinji böleginde görkezilen Konsepsiýasynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, beýleki degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Arkadag şäheriniň häkimi hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry.

№ PP-448

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2024-nji ýylyň 24-nji sentyabrynda

çykaran PP-448-nji Permany bilen

tassyklandy

Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň

KONSEPSIÝASY

KONSEPSIÝANYŇ PASPORTY

Konsepsiýanyň ady: Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy.

Konsepsiýany işläp taýýarlamak üçin esas: Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy.

Konsepsiýany işläp düzüjiler: Arkadag şäheriniň häkimligi, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri.

Konsepsiýanyň esasy maksady: Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň üstünliklerini görkezýän dolandyryş-çäk birligi hökmünde, «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgelerine laýyklykda, Arkadag şäheriniň ähli ulgamlarynda sazlaşykly we durnukly ösüşi gazanmakdan, şäheriň dolandyryş ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we yzygiderli kämilleşdirmek arkaly ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmek bilen, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup duryar.

Giriş

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary hem-de taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bazar gatnaşyklaryna esaslanýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgetmeleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen öňe gidip, uly ösüşlere beslenýär.

Ýurdumyz içeri we daşary syýasatda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we durmuş ulgamynda belent sepgitlere eýe bolýar, milli ykdysadyýetimiz yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp, dünýä bileleşiginde Türkmenistanyň tutýan orny has-da berkeýär.

Durmuşa geçirilýän oýlanyşykly we öňdengörüjilikli düýpli özgertmelere esaslanýan ösüş syýasaty Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň berkarar edilmeginiň, ýurdumyzda asudalygyň we parahatçylygyň dabaralanmagynyň, ilatymyz üçin mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilmeginiň, milli ykdysadyýetimizde depginli ykdysady ösüşleriň gazanylmagynyň pugta binýadyny üpjün edýär.

Durnukly ösüş strategiýasy maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny özünde jemleýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de beýleki pudaklaýyn we sebitleýin Maksatnamalar, Meýilnamalar we Konsepsiýalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ösüş maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, ýurdumyzda depginli ykdysady ösüş üpjün edilýär, ykdysady kuwwatymyz berkidilýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpli ýokarlanýar. Bu bolsa ýurdumyzda has iri maýa goýum infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmaga esas döredýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik başlangyçlary we taýsyz tagallalary bilen we parasatly ýolbaşçylygynda 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher - Arkadag şäheri kemala geldi.

Aşgabat we Arkadag şäherlerinde nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, dolandyryş binalary, bilim we saglygy goraýyş edaralary, söwda we dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup, ulanmaga berildi. Öz gurluşykçylarymyz tarapyndan bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtda bina edilen Arkadag şäheri iri ylym-bilim, medeni we halkara hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüler. Halkara sylaglarynyň 21-isine mynasyp bolan bu ajaýyp şäheriň gurluşygynda «akylly» şäher konsepsiýasynyň kadalary, «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanyldy. Şäheriň derejesi we ähmiýeti ýurdumyzyň kanunçylygynda hukuk taýdan berkidildi. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde mynasyp orny eýelemek üçin Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamak hem maksadalaýyk hasaplandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda çykaran 4-nji Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde 2024-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda» bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Arkadag şäheriniň häkimligi, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde «Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» işlenip taýýarlandy.

Şu Konsepsiýada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherini 2052-nji ýyla çenli döwürde hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary jemlenýär.

1. Konsepsiýanyň maksatlary we wezipeleri

«Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasy maksady Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň üstünliklerini görkezýän dolandyryş-çäk birligi hökmünde, «akylly şäher» konsepsiýasynyň ýörelgelerine laýyklykda, Arkadag şäheriniň ähli ulgamlarynda sazlaşykly we durnukly ösüşi gazanmakdan, şäheriň dolandyryş ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we yzygiderli kämilleşdirmek arkaly ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmek bilen, ýaşaýyş- durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Konsepsiýanyň maksatlary şulardan ybarat bolup durýar:

1) Arkadag şäheriniň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly we durnukly ösüşini üpjün etmek;

2) şäheriň dolandyryş ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we yzygiderli kämilleşdirmek;

3) şäheriň ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynda ilata edilýän hyzmatlaryň hilini kämilleşdirmek we hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak;

4) azyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň hasabyna Arkadag şäheriniň ilatynyň azyk howpsuzlygyny berkitmek;

5) giň göwrümli binagärlik-şähergurluşyk maksatnamalarynda bellenilen medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary, ýaşaýyş jaýlary, ýol-ulag we inžener-kommunikasiýa ulgamlary boýunça maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek;

6) ýol-ulag düzümleriniň we beýleki üpjünçilik desgalarynyň sanly ulgam arkaly dolandyrylyşyny yzygiderli kämilleşdirmek we howpsuzlygyny üpjün etmek;

7) sanlylaşdyrmak boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribesini, döwrüň täze innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak;

8) Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklaryna maýa goýumlarynyň çekilmegini gazanmak;

9) Arkadag şäherinde ýerleşýän pudaklaýyn düzüm birlikleriniň işlerini döwrebap gurnamak we ösdürmek;

10) Arkadag şäheriniň ilatynyň iş üpjünçiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak;

11) Arkadag şäherinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek;

12) ene-mamalarymyzdan miras galan milli el halyçylyk sungatyny ösdürmek, gadymy nepis türkmen göllerini dikeltmek işlerini dowam etmek;

13) Arkadag şäheriniň ilatyny azyk önümleri bilen durnukly üpjün etmek;

14) Arkadag şäheriniň ulag we kommunikasiya ulgamyny ekologiýa taýdan arassa tehnikalar we öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda ösdürmek;

15) Arkadag şäherinde ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmak, atçylyk pudagyna dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek;

16) Arkadag şäheriniň bilim ulgamynda ylymly-bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek;

17) Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işini ylmy esasda yzygiderli kämilleşdirmek;

18) şäherde lukmançylyk hyzmatlaryny we sanly lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilen öňüni alyş, anyklaýyş we bejeriş çärelerini talabalaýyk geçirmegi dowam etdirmek;

19) Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri halkara ylmy-önümçilik merkezini döretmek we ösdürmek;

20) Arkadag şäherinde ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleri ýok etmek, onuň garşysyna göreşmek hem-de sagdyn durmuş endiklerini wagyz etmek boýunça işleri dowam etmek;

21) Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli önümçilik toplumlarynda öndürilýän lukmançylyk serişdeleriniň we saglygy goraýyş enjamlarynyň öndürilişiniň möçberini artdyrmak;

22) «Arkadag» futbol toparynyň ýurdumyzyň milli we halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy üçin şertleri döretmek;

23) sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara federasiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak;

24) Arkadag şäherinde geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleri, baýramçylyk hem-de teatrlaşdyrylan dabaralary döwrebap guramak;

25) «Arkadag» gazetiniň hem-de «Arkadag» teleýaýlymynyň işini döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmek;

26) Arkadag şäheri bilen doganlyk şäherleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny dürli ugurlar boýunça ösdürmek;

27) Arkadag şäheriniň dünýäniň «akylly» şäherleri bilen ylmy-tehniki, medeni we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we ösdürmek;

28) Arkadag şäheriniň gurluşygynda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini dowam etmek;

29) geljegi uly, sazlaşykly ösýän we ýaşamak üçin hemme amatlyklary döredilen Arkadag şäherini wagyz etmek.

Konsepsiýanyň wezipeleri şular bolup durýar:

1) Arkadag şäheriniň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly we durnukly ösüşini üpjün etmek üçin ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak hem-de «Akylly şäher» ýörelgeleri esasynda ilatyň ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin çäreleri durmuşa geçirmek;

2) şäheriň dolandyryş ulgamyna «Akylly şäher» ýörelgelerinden ugur alyp, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we yzygiderli döwrebaplaşdyrmak;

3) öňdebaryjy halkara tejribelerinden ugur alyp, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynda döwrebap innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak we yzygiderli kämilleşdirmek, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüni ýetirmek boýunça işleri dowam etmek;

4) Arkadag şäheriniň ilatynyň azyk önümleriniň esasy görnüşlerine we beýleki gündelik sarp edýän harytlara bolan isleginiň elýeter bahalarda üpjün edilmegini gazanmak we söwda hyzmatlarynyň ýokary hilini üpjün etmek;

5) Arkadag şäherinde giň göwrümli binagärlik-şähergurluşyk maksatnamalarynda bellenilen medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary, ýaşaýyş jaýlary, ýol-ulag we inžener-kommunikasiýa ulgamlary boýunça maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek;

6) ýol-ulag düzümleriniň we beýleki üpjünçilik desgalarynda sanly ulgamy we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýollaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça degişli işleri geçirmek;

7) sanlylaşdyrmak boýunça «akylly» şäher ulgamyny toplumlaýyn yzygiderli döwrebaplaşdyryp we kämilleşdirip, dünýä utgaşdyryp alyp barmak;

8) Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän giň gerimli durmuş maksatly desgalaryň taslamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde telekeçileriň we hususy bölegiň innowasion tehnologiýalara esaslanýan maýa goýumlarynyň çekilmegini gazanmak;

9) halkara standartlaryna we öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda, Arkadag şäherinde ýerleşýän pudaklaýyn düzüm birlikleriniň işlerini «akylly şäher» ýörelgeleri esasynda döwrebaplaşdyryp ösdürmek;

10) ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň meselelerini we iş berijilerde bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlary öwrenmek we iş üpjünçiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça işleri alyp barmak;

11) Arkadag şäherinde «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek, ekologiýa howpsuzlygyny berkitmek, tebigatdan rejeli peýdalanmak, galyndylary dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly işleri alyp barmak;

12) Arkadag şäherinde ene-mamalarymyzdan miras galan milli el halylarynyň nusgalyk görnüşleriniň dokalmagy üçin çeper halyçylyk kärhanasyny gurmak we öndürilýän haly önümleriniň görnüşlerini köpeltmek bilen, täze nagyşlary, gölleri we olaryň üýtgeşik täsin görnüşlerini döretmek boýunça işleri dowam etdirmek;

13) şäherde et we et önümlerini, süýt we süýt önümlerini, gök-miwe önümlerini gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalary gurmak, önümleriň täze görnüşlerini öndürmek we durnukly üpjün etmek;

14) Arkadag şäheriniň ulag we kommunikasiýa ulgamynda öňdebaryjy sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, ekologiýa taýdan arassa elektromobilleriň, elektrobuslaryň we elektrotaksileriň ulanylyşyny giňeltmek hem-de döwrebap aragatnaşyk ulgamlaryny, innowasion oýlap tapyşlary we enjamlary ornaşdyrmak işlerini dowam etmek;

15) Arkadag şäherinde döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ahalteke bedewlerini ylmy esasda öwrenmek we ylmy-seleksiýa işlerini kämilleşdirmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmak, atçylyk pudagyna dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek;

16) Arkadag şäheriniň bilim ulgamynda ösen aň-düşünjeli we giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli hünärmenleri taýýarlamak, öňdebaryjy ylmy-pedagogik we ylmy-usulyýet tejribelerini yzygiderli öwrenmek we ornaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek boýunça ýokary netijeli işleri meýilnamalaýyn esasda alyp barmak;

17) Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döwrebap tehnologiýalary, enjamlary ornaşdyrylmak we ylmy esasda yzygiderli kämilleşdirmek hem-de hemaýata mätäç ýarawsyz çagalaryň kesellerini anyklamak we netijeli bejermek boýunça işleri dowam etdirmek;

18) şäherde iň ýokary halkara ölçeglerine gabat gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny we sanly lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmäge, ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilen öňüni alyş, anyklaýyş we bejeriş çäreleriniň talabalaýyk geçirilmegine we ösdürilmegine gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek;

19) Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri halkara ylmy-önümçilik merkezini döretmek hem-de döwrebap innowasion tehnologiýalary ornaşdyryp, durnukly esasda ösdürmek;

20) Arkadag şäherinde zyýanly endikleri ýok etmek we onuň garşysyna göreşmek işlerini has-da güýçlendirmek, ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek hem-de adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyny gazanmak hem-de ilatyň arasynda sagdyn durmuş endikleriniň giňden wagyz-nesihat edilmegini netijeli dowam etdirmek;

21) Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli önümçilik toplumlarynda öndürilýän lukmançylyk serişdeleriniň we saglygy goraýyş enjamlarynyň möçberlerini ylmyň soňky gazananlarynyň we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy esasynda ýokarlandyrmak we daşary ýurtlara eksport edilmegini gazanmak;

22) «Arkadag» futbol toparyna milli we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagy hem-de ýokary derejelere çykmagy üçin hemmetaraplaýyn goldaw bermek;

23) Arkadag şäheri bilen Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, Halkara Futbol federasiýasynyň (FIFA) we sportuň dürli görnüşleri boýunça beýleki halkara federasiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek boýunça işleri alyp barmak;

24) Arkadag şäherinde ýerleşýän medeniýet edaralarynyň medeni-köpçülik çärelerini, baýramçylyk hem-de teatrlaşdyrylan dabaralaryny döwrebap guramak, medeni hyzmatlaryň hilini we ösdürilmegini dowam etdirmek;

25) ilaty Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyrmak, geçirilýän çäreler we gazanylan üstünlikler barada habarly etmek babatda alnyp barylýan işleriň has-da kämilleşdirilmegi üçin, «Arkadag» gazetini hem-de «Arkadag» teleýaýlymyny täze tehnologiýalar bilen üpjün etmek;

26) Arkadag şäheri bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan, Gruziýanyň Telawi, Fransiýa Respublikasynyň Mezon-Laffit we Täjigistan Respublikasynyň Hujand şäherleriniň arasynda ýola goýlan doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek we beýleki şäherler bilen hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak we giňeltmek;

27) Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň hökümetiniň arasynda gol çekilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga laýyklykda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri alyp barmak;

28) Arkadag şäheriniň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzüm birlikleri bolan Ösüş Maksatnamasy (UNDP), Senagat ösüşi guramasy (UNIDO), Çagalar gaznasy (UNICEF), Ilatly nokatlaryň durnukly ösüşi boýunça Maksatnamasy (UN-Habitat), Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, şeýle hem dünýäniň beýleki şäherleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we ösdürmek boýunça işleri geçirmek;

29) Arkadag şäherinde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini dowam etmek;

30) Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň geljegi uly we sazlaşykly ösýän Arkadag şäherini döretmek, «akylly» şäher konsepsiýasyny işläp düzmek, şäherde ekologiýa abadançylygyny, ilatyň döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilmegini üpjün etmek baradaky bimöçber aladalaryny yzygiderli we giňişleýin wagyz-nesihat etmegi dowam etmek;

2. Arkadag şäheri

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de yzygiderli tagallalary netijesinde binýat bolan Arkadag şäheri «akylly» şäher bolmak bilen döwrebap ýaşaýyş toplumyny, edara ediş, durmuş, söwda, medeni maksatly hem-de beýleki binalary we desgalary özünde jemleýär.

Şäheriň binagärlik-inženerçilik taslamasy meýilleşdirilen döwründe durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen, täze ösen tehnologiýalary we sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly «akylly» şähere mahsus bolan jemagat-üpjünçilik ulgamlaryny, ulag-aragatnaşyk düzümlerini, söwda we beýleki durmuş hyzmatlaryny has netijeli dolandyrmak, energiýanyň tygşytlanmagyny gazanmak, daşky gurşawy aýawly saklamak we howanyň üýtgemeginiň oňaýsyz täsirlerini azaltmak babatda «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgelerinden ugur alyndy.

Täze şäherde ilatyň bagtyýar ýaşaýşynyň, sagdynlygynyň, medeniýetli dynç almagynyň we döredijilikli zähmetiniň üpjün edilmegi babatda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Ekologiýa taýdan bildirilýän talaplara we şähergurluşyk maksatnamasyna laýyk derejede bina edilen täze şäheriň ýokary gazananlary, ösen tejribeler utgaşdyryldy. Bu bolsa, Arkadag şäheriniň binagärlik aýratynlyklarynyň döwrüň talaplaryna gabat gelmegini üpjün etdi. Munuň özi iri şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň sebitleri senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmek, ýokary ekologiýa derejesini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde ähmiýetli bolup durýar.

«Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýy Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň üstünliklerini görkezýän dolandyryş-çäk birligi hökmünde, şonuň ýaly-da türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň we döwlet gurluşynda halkara tejribesiniň döwrebap meýilleriniň esasynda ýurdy ösdürmegiň uzakmöhletleýin geljeginiň aýratyn ähmiýetine laýyklykda, Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenildi.

Arkadag şäheriniň häkimliginiň düzüminde Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň häkimligi we Gorjaw etrabynyň häkimligi hereket edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň 4-nji martynda şäheriň gurluşygyna badalga berdi. 60 müňden gowrak ilatyň ýaşamagy üçin niýetlenen bu şäheriň gurluşygy üçin 1 002 gektar ýer bölegi bölünip berlip, şäheriň gurluşygyny iki tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirildi.

«Akylly» Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda edara ediş, medeni-durmuş, söwda maksatly we beýleki binalardyr desgalaryň hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň 336 sanysy 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi.

Olaryň hatarynda 258 sany ýaşaýyş jaýy, 11 sany köpçülikleýin dynç alyş-medeni merkez, 25 sany edara binasy, 6 sany saglyk binasy, 3 sany sport desgasy, 10 sany çagalar bagy, 4 sany orta mekdep, 1 sany ýokary okuw mekdebi, 2 sany orta hünär okuw mekdebi, 14 sany inžener üpjünçilik desgasy bar.

Medeni we köpçülikleýin dynç alyş binalaryna degişli Arkadag şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Bilim we Medeniýet müdirlikleriniň edara binalary, Arkadag şäheriniň häkimliginiň Ruhyýet köşgi, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Arkadag şäheriniň arhiwiniň edara binasy, Arkadag şäheriniň häkimliginiň Bagt köşgi, Arkadag şäher Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Arkadag Binasy, Döwlet baýdagynyň sütüni, «Märkaw» myhmanhanasy, Söwda we dynç alyş merkezi işe girizildi. Şunuň bilen birlikde, söwda, ulag we kommunikasiýa, oba hojalyk, gurluşyk we energetika, maliýe we ykdysadyýet toplumlarynyň we bank ulgamlarynyň 5 sany edara binasy guruldy.

Arkadag şäheriniň saglyk, bilim, ylym we sport desgalarynyň taslamalary düzülende ýaş nesli döwrebap terbiýelemäge, olara kämil bilim bermäge we sazlaşykly ösmegine degişli meselelere aýratyn üns berildi.

Şäherde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirligi we onuň düzüminde 350 orunlyk köpugurly hassahanasy, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, Tiz kömek merkezi, 150 orunlyk Onkologiýa merkezi we Saglyk öýi guruldy. Täze saglygy goraýyş edaralary öňdebaryjy tehnologiýalar we ýokary takyklygy bolan enjamlar bilen üpjün edildi.

Her biri 720 orunlyk 4 sany umumy bilim berýän mekdep, 10 sany her biri 320 orunlyk çagalar bagy, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ulanyşa girizildi.

Arkadag şäheriniň ilatynyň saglygyny berkitmegi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin Köpugurly sport toplumy, Sport merkezi we 10 müň orunlyk stadion gurlup, ulanmaga berildi.

Adamlaryň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, «akylly» öý tehnologiýalary esasynda bina edilen 7 368 hojalyga niýetlenen 258 sany 5, 7 we 9 gatly köp öýli ýaşaýyş jaýlary, iki gatly kottejler şäheriň ajaýyp binagärlik keşbini emele getirýär.

Şäheriň ýaşaýjylarynyň rahat dynç almagy üçin umumy meýdany 67,5 gektar ýer böleginde gurlan seýilgählerde we gök zolaklarda möhüm ekologiýa talaplaryna aýratyn üns berlip, iki milliondan gowrak baglar we güller ekildi.

Şäheriň ilatyny agyz suwy bilen üpjün etmek üçin kuwwaty bir gije-gündizde 50 000 kub metr bolan suw arassalaýjy desga, lagym suwlaryny arassalamak üçin kuwwaty bir gije-gündizde 50 000 kub metr bolan desga guruldy.

Şäher elektrik energiýasy, tebigy gaz we Aragatnaşyk ulgamlary bilen doly üpjün edildi.

Şäheriň halkara ülňülerine laýyk gelýän köpsanly ýol-ulag düzümi bolup, giň şaýollar we köçeler, ýerasty we ýerüsti geçelgeler guruldy, yşyklandyryş, wideogözegçilik, dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň 7-nji martynda Arkadag şäheriniň gurluşygyny dowam etmäge hem-de ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi. Gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň aglabasynyň durmuş maksatly desgalardygy aýratyn bellemäge mynasypdyr. Bu tapgyrda her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 5-isiniň, her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 9-ysynyň, Saglyk öýüniň, şäheriň etrap häkimlikleriniň edara binasynyň, muzeýiň, saglyk seýilgähiniň, köp sanly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, ýangyna garşy göreş gullugynyň binasynyň, çagalar seýilgähiniň, Arkadag şäheriniň demirýol hem-de awtomobil menziliniň we awtotoplumynyň, söwda we hyzmat ediş toplumynyň, ýol-ulag, inženerçilik-tehniki desgalaryň gurluşygynyň amala aşyrylmagynyň göz öňünde tutulmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Bu ýerde sebitde iň uly - 15 000 orunlyk döwrebap Baş metjit gurlup, ulanmaga berler. Şeýle hem Arkadag şäheriniň çäginde seýsmiki yrgyldylaryň anyk hasaplamalaryny üpjün edýän seýsmiki stansiýa gurlar.

Ýurdumyzyň tebigatynyň gözel ýerleriniň biri bolan Köpetdagyň eteginde ekologiýa taýdan arassa, «ýaşyl» tehnologiýalary, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň tejribelerini bir ýere jemleýän gözel Arkadag şäheri diňe bir sebitde däl, eýsem dünýäde nusgalyk şäherdiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýaşaýjylaryň we myhmanlaryň şäher we öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, şäheriň telekommunikasiýa üpjünçilik ulgamyna üns berlip, täze sanly awtomat telefon beketleriniň gurluşyk işleri ýerine ýetirildi.

Şäheriň çäginde, «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň 3G UMT we 4G LTE ülňülerinde işleýän iberiji-kabul ediji ulgamlarynyň enjamlar toplumlary gurnalyp işe goýberildi. Netijede, şäheriň ähli ýerinde öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň döwrebap hyzmatlaryndan peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredildi. Şäheriň edara-kärhanalary we ýaşaýjylary üçin döwrebap GPON ulgamy we goşmaça giňeltme mümkinçiligi bolan 200 töweregi telewizion kanallaryny alyp görkezýän IP TV ulgamy gurnalyp, işe girizildi.

Bu tehnologiýanyň işe girizilmegi her bir öýe optiki süýümli ulgam çekilip, sekuntda 1 Gigabit-e çenli tizlikli internet, IP TV hem-de telefon ulgamyndan bir wagtda peýdalanmaga mümkinçilik berdi.

Arkadag şäherinde «Akylly şäher» we «Akylly öý» ulgamlaryny döretmäge, bu hyzmatlardan menzilara peýdalanmaga mümkinçilik berýän innowasion tehnologiýalara esaslanýan häzirki zaman «LoRaWan» tehnologiýasynyň iberiji-kabul ediji beketleriniň enjamlar toplumlary gurnaldy.

«Akylly öý» ulgamy üçin niýetlenen elektrik energiýasynyň, gyzgyn we sowuk suwuň, tebigy gazyň sarp edilişini ölçeýji, tebigy gazyň, suwuň syzdyrýandygyny anyklaýjy enjamlar gurnaldy.

Säheriň edara-kärhanalary üçin elektrik energiýasynyň, agyz suwunyň we tebigy gazyň sarp edilişine akylly ölçeýji ulgamlary gurnalyp, olaryň sarp edilişi baradaky maglumatlary jemlemäge we seljermäge mümkinçilik beryän sanly ulgam döredildi.

Raýatlaryň bu hyzmatlardan sanly ulgamyň üsti biien onlaýn görnüşde peýdalanmagyna mümkinçilik berýän mobil goşundysy taýýarlandy. Mobil goşundynyň üsti bilen, raýatlara elektrik energiýasyna, agyz suwuna we tebigy gaza onlaýn boýunça töleg etmäge, bu ugurda hyzmatlary dolandyrmaga, sargyt bermäge we zerur maglumatlary almaga, şeýle hem, öýüň içinde suw we gaz syzdyrýandygy baradaky maglumatlary dessin raýatlara we operatorlara habar bermäge mümkinçilikler döredildi.

Bu aragatnaşyk tor ulgamlary şäherde sanly ykdysadyýeti, «Akylly şäher» we «Akylly öý» tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak üçin hyzmat eder.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Arkadag şäheriniň çäginde bina edilen ähli desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny döwrebap aragatnaşyk hyzmatlary bilen doly üpjün etmek boýunça tehniki şertlere laýyklykda olaryň her birine optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlary çekildi.

Şäheriň seýilgählerinde, jemgyýetçilik ýerlerinde raýatlaryň medeniýetli dynç almagy üçin, her ulanyja ýokary tizlikde internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän Wi-Fi zolagy döredildi.

Bulardan başga-da, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan Arkadag şäherinde 123 belgili «Call center» sorag-jogap merkezi döredildi.

Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynda elektron resminama dolanyşyk ulgamy işe girizilip, ýokary guramalaryň merkezi edarasy bilen birikdirildi.

Ýurdumyzda hereket edýän-e.gov.tm Döwlet hyzmatlary portalynda Arkadag şäheriniň penjiresi açylyp, ýaşaýjylara şahsy otagy döretmek arkaly, onlaýn görnüşde aragatnaşyk we jemagat hyzmatlaryndan peýdalanmaga, dolandyrmaga, sargytlary bermäge hem-de tölegleri tölemäge, jemgyýetçihk ulaglaryna petekleri almaga, e-mekdep, elektron kitaphana, «zehin» sanly ulgamyndan, bilim portalyndan giňden peýdalanmaga, lukmana elektron nobata ýazylmaga, gerekli güwänamalary sargyt etmäge, karz edaralarynyň sanly hyzmatlaryndan şeýle hem, elektron söwda ulgamyndan, statistiki hasabatlary tabşyrmaga we beýleki sanly hyzmatlardan giňden peýdalanmaga mümkinçilik döredildi.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Arkadag şäheriniň resmi internet-web saýty döredilip, işe goýberildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2023-nji ýylda «Arkadag» futbol topary döredildi.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, şäher gurluşygy boýunça alnyp barylýan tutumly işler, geçirilýän çäreler we gazanylýan netijeler barada halk köpçüligine giňişleýin habar bermek, şeýle hem şäheriň ilatynyň durmuşy hakynda dürli makalalary, maglumatlary çap etmek maksady bilen, «Arkadag» gazetiniň redaksiýasy döredildi. «Arkadag» gazeti türkmen dilinde hepdede bir gezek neşir edilýär.

Şeýle hem ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde amala aşyrylýan beýik işleri, gazanylýan üstünlikleri ussatlyk bilen açyp görkezýän hem-de wagyz edýän kämil gepleşikleri taýýarlap, teleýaýlymlaryň üsti bilen halkymyza ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Arkadag» teleýaýlymy döredildi. «Arkadag» teleýaýlymynda gepleşikler günüň dowamynda 15 sagat ýaýlyma berilýär.

Arkadag şäheri innowasion, sanly ulgamlara, öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan «akylly» şäherdir. Bu şäherde ekologiýa abadançylygyna, tebigat bilen adamyň özara arabaglanyşygyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygy baradaky güwänamanyň berilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Täze şäherde ýaşaýyş-durmuş, zähmet we dynç alyş ulgamlary ösen derejede üpjün edildi.

Arkadag şäheriniň gurulmagy bilen, ildeşlerimiziň müňlerçesi täze döwrebap iş orunlary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edildi, häzirki zaman «akylly şäher» hyzmatlaryndan peýdalanyp başlady.

3. Arkadag şäherini ösdürmegiň esasy ugurlary

3.1. Arkadag şäheriniň maliýe we ykdysadyýet ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary

«Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen maksatlar uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup durýar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde «akylly» şäher ýörelgelerine esaslanyp, Arkadag şäheriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň durnukly häsiýete eýe bolmagyny, institusional we hukuk özgertmeleriň yzygiderli amala aşyrylmagyny, ekologiýa we «ýaşyl» ykdysadyýetiň talaplarynyň berjaý edilmegini, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegini gazanmak, halkara standartlaryna laýyklykda maliýe, ykdysady we bank ulgamlaryny özgertmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar.

Arkadag şäherinde işjeň maýa goýum syýasatynyň amala aşyrylmagy bilen, «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerine esaslanýan döwrebap senagat kärhanalarynyň gurulmagyna, şäheriň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynyň sanlylaşdyrylmagyna, daşary ýurtly maýadarlaryň Arkadag şäheriniň ykdysadyýetine işjeň çekilmegini gazanmaga, maýa goýumlarynyň özüni ödeýiş möhletleriniň ykdysady netijeliliginiň gowulandyrylmagyna uly ähmiýet berler.

Arkadag şäherinde zähmet bazarynyň meseleleri bilen bagly pudaklaryň işini utgaşdyrmak, iş üpjünçilik gullugynyň işini kämilleşdirmek işleri dowam etdiriler. Şeýle hem, iş üpjünçilik gullugynda maglumat aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanmagyň derejesi ýokarlandyrylar we ilatyň iş bilen üpjünçilik çygrynda sanly hyzmatlaryň gerimi giňeldiler.

Işgärleriň saglygyny we ömrüni goramak çäreleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, zähmet şertlerine baha bermek işi giň gerimde alnyp barlar. Zähmeti goramak işini ulgamlaşdyrmak we netijeliligini ýokarlandyrmak babatda oňyn daşary ýurt tejribeleri ornaşdyrylar. Şeýle hem, hünärmenleriň taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin ýörite okuwlar guralar, daşary ýurt tejribeleriniň öwrenilmegi dowam etdiriler.

Durmuş töleglerini amala aşyrmakda maglumatlary dolandyrmakda awtomatlaşdyrylan ulgamyň mümkinçilikleri artdyrylar, bir bitewi merkezleşdirilen maglumat ulgamy döretmek, pensiýa gaznasynyň edarasynda ilata Internetiň üsti bilen maglumatlary ýetirmegi ýola goýmak, adamlar üçin pensiýa üpjünçiliginde özlerine dahylly maglumatlary menzilara almaga mümkinçilikleri döretmek boýunça işler alnyp barlar.

«Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Arkadag şäherinde raýatlaryň durmuş hyzmatlaryna elýeterliligini üpjün etmek boýunça çäreler durmuşa geçiriler.

Arkadag şäheriniň statistika ulgamynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen döwlet statistiki hasabatlylygyny elektron görnüşde kabul etmek, şeýle hem respondentlerden maglumatlary ýygnamagyň elektron usulyny, ýagny Internet arkaly ýygnamak usulyny girizmek boýunça işler ýerine ýetiriler.

Halkara standartlaryna we milli ykdysadyýeti dolandyrmagyň talaplaryna laýyk gelýän, ýokary hilli statistik maglumatlary öz wagtynda we doly möçberde ýygnamak, işlemek we ýaýratmak, resmi statistikanyň guralyşyny döwrebap kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler döwrüň talabyna laýyklykda dowam etdiriler.

Respondentlerden statistik maglumatlaryň bellenen kadalara laýyklykda ýygnalmagynyň, işlenilmeginiň we seljerilmeginiň ýerine ýetirilmegini guramagyň çäklerinde statistik maglumatlaryň toplanmagy, saklanylmagy we goralmagy, olara döwlet statistik gözegçilikleriniň guralmagyna we geçirilmegine usulyýet taýdan goldawlar berler.

Ätiýaçlandyryş babatda milli ätiýaçlandyryş ulgamynyň maliýe gatnaşyklary ulgamyndaky döwletiň, fiziki we ýuridik şahslaryň emläk, şahsy we jogapkärçilik bähbitleriniň we şäheriň ykdysadyýetinde maýa goýumlary üçin uzak möhletli serişdeleri artdyrmaga gönükdirilen işleriň ätiýaçlandyryş goragyny üpjün etmek bilen bagly işler alnyp barlar. Müşderilere halkara ülňülerine laýyk gelýän elektron görnüşli ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny amala aşyrmak boýunça işler geçiriler.

Standartlaşdyryş babatda şäheriň ösüş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, döwlet standartlaryna halkara we döwletara standartlary ornaşdyrylar, önüm öndüriji kärhanalaryň önümçilikleri sertifikatlaşdyrylyp, kadalaşdyryjy resminamalar döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdiriler. Akkreditasiýa işleri ýaýbaňlandyrylar, şäheriň çäginde öndürilýän we daşary ýurtdan getirilýän önümlere doly we takyk synag işleri geçiriler.

Bank ulgamynyň işi häzirki döwürde dünýä maliýe bazarlarynda bolup geçýän üýtgeşmeler bilen baglylykda, netijeli pul-karz syýasatynyň amala aşyrylmagyna, dünýä maliýe bazarlarynyň durnuksyzlygy bilen döreýän ýaramaz täsirleriň azalmagyna we olaryň öňüniň alynmagyna gönükdiriler.

Bu maksatlar üçin ýurdumyzyň maliýe-ykdysady syýasatynyň, şol sanda pul-karz, salgyt-býujet we daşary ýurt pul syýasatlarynyň utgaşykly durmuşa geçirilmegi boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylar. Şunuň bilen baglylykda, bank ulgamynyň ykdysady durnuklylygyny, maliýe netijeliligini, maýalaşdyryş derejesini we maýanyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdiriler.

Arkadag şäheriniň karz edaralarynyň serişdeler binýadyny artdyrmak, goýumlaryň görnüşlerini giňeltmek hem-de goýumlara serişdeleri çekmek, çekilen serişdeleriň hasabyna berilýän karzlaryň gerimini giňeltmek, terminallaryň sanyny we geçirilýän amallaryň görnüşlerini artdyrmak, tölegleriň howpsuzlygyny üpjün etmek maksadynda gorag üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça çäreler alnyp barlar. Bu bolsa, milli ykdysadyýet bilen bir hatarda Arkadag şäheriniň köpugurly we depginli ösüşini saklamaga, şäheriň ilatynyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmäge we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri dowam etdirmäge mümkinçilik berer.

3.2. Arkadag şäheriniň gurluşyk we senagat ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary

Arkadag şäherini ösdürmegiň uzakmöhletleýin Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurluşyk babatda öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary önümçilige ornaşdyryp, döwrebap ýaşaýyş, medeni-durmuş we beýleki dürli maksatly desgalaryň we binalaryň gurluşyk-gurnama işleriniň taslama-çenlik resminamalaryny işläp düzmek, Arkadag şäherinde gurulýan binalaryň we desgalaryň binagärlik keşbine we gurluşygyň hiline gözegçilik etmek, gurluşyk taslamalarynyň, şol sanda jemagat hojalygyna degişli binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň düzülişine, ölçegleriniň we kadalarynyň berjaý edilişine barlaglary hem-de seljermeleri geçirmek, gurluşyklaryň Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda alnyp barlyşyna, ýerli gurluşyk materiallarynyň ulanylyşyna, olaryň hiline, seýsmiki durnuklylygyna, desgalaryň hem-de binalaryň bellenen möhletlerde ulanyşa tabşyrylmagyna gözegçilik etmek we beýleki çärelere uly orun berler.

Gurluşyk pudagyna innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly «akylly jaý» we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän ulgamlary arkaly dolandyrylýan jaýlaryň taslamalarynyň amala aşyrylmagy işjeňleşdiriler.

Arkadag şäheriniň ýaşaýyş jaý hojalygynda sanly tehnologiýalary we döwrebap usullary ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdiriler. Önümçilik desgalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, ulanyşa girizmek, hasaba almak, kärendä bermek, satyn almak- satmak bilen bagly resminamalary uzak aralykdan resmileşdirmek boýunça sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda işler alnyp barlar.

Awtomobil ýollarynyň we köprüleriň gurluşygyny dolandyrmak, olaryň döwrebap taslamalaryny taýýarlamak, awtomobil ýollarynda sanly ulgamy we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýollaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça degişli işler geçiriler.

Arkadag şäherinde gurulýan binalarda energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, şäher yşyklandyryş ulgamynda «akylly» energiýa dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak bilen bagly işler giň gerimde alnyp barlar. Elektromobiller, elektrobus we elektrotaksiler üçin zerur bolan tehniki hyzmat ediş kärhanalary we zarýad beriji beketler gurnalar.

Şäheriň çäginde gurulýan önümçilik toplumlaryna degişli senagat kärhanalary ekologiýa talaplaryna laýyklykda ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylar, zähmet öndürijiligi we esasy serişdeleriň önüm berijiligi ýokarlandyrylar, goşmaça önümçilik kuwwatlyklary dörediler.

Arkadag şäherini gurmagyň nobatdaky tapgyrlarynda gurulýan binalary we desgalary gazlaşdyrmak, sanly ulgamlary ornaşdyrmak bilen, sarp edilen tebigy gazyň mukdaryny hasaplaýan akylly gaz hasaplaýjy enjamlaryny we gaz syzdyrmasyny duýujy datçikleri gurnamak işleri ýerine ýetiriler.

3.3. Arkadag şäheriniň oba hojalyk we azyk senagaty ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary

Arkadag şäherini ösdürmegiň uzakmöhletleýin meýilleşdirilýän döwründe ýokary hilli, halkara standartlaryna laýyk gelýän, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak we bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa döwrebap önümçilikleri döretmek arkaly şäher bilen bir hatarda ýurdumyzyň azyk howpsuzlygy berkidiler. Şonuň bilen birlikde, oba hojalyk önümleriniň daşary ýurtlardan getirilýän möçberleri azaldylar we olaryň eksporty artdyrylar.

Arkadag şäherinde oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynda öndüriljek önümleriň hiline, olaryň düzümine bildirilýän talaplaryň düýpli işlenilmegine, milli azyk standartlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berler. Ýokary hilli, harytlyk görnüşleri dünýä standartlaryna laýyk gelýän önümleri öndürmek, miwe-gök önümlerini taýýarlamak we gaýtadan işlemek, saklamak hem-de täze azyk önümleriniň tehniki şertlerini taýýarlamak boýunça işler ylmy esasda ýola goýlar.

Et we et önümlerini, süýt we süýt önümlerini, gök-miwe önümlerini gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalar gurlar. Bu işler et-süýt önümçiliginde döwrüň talabyna laýyk gelýän täze görnüşleriniň öndürilip başlanmagyna mümkinçilik berer.

Eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki gaýtadan işleýän kärhanalaryň giňden ýaýramagy bilen, Arkadag şäheriniň sarp edijileri ýokary hilli et, süýt, çörek, unaş, süýji-köke, şeker önümleri, mineral suwlar we alkogolsyz içgiler bilen yzygiderli üpjün ediler.

Geljegiň şäheri bolan Arkadag şäherini ylym-bilim mekanyna öwürmek, oba hojalyk ylmyny ösdürmek, ylymly-bilimli hünär ussatlaryny taýýarlamak ugurlarynda degişli işler amala aşyrylar.

Ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we olaryň tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak we işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Arkadag şäherinde täze ekerançylyk, däneçilik hem-de pagtaçylyk ylmy institutlaryny döretmek barada karary hem-de pagtaçylyk ylmy institutlaryny döretmek barada karary kabul edildi. Bu bolsa Arkadag şäherinde öň bar bolan bilim, ylym ojaklarynyň ýene-de täze Oba hojalyk uniwersiteti we bu ugra degişli ylmy institutlar bilen üstüniň ýetirilmegini üpjün eder.

Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy, esasan-da, tohumçylyk-seleksiýa işleriniň ylmy nukdaýnazardan alnyp barylmagy we önümçilige dünýäniň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy arkaly amala aşyrylar.

Ylmy-barlag edaralarynda däneli, kösükli-däneli we gök-bakja ekinleriniň, ýeralmanyň, miweli baglaryň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylly, ir ýetişýän we kesellere durnukly täze görnüşlerini döretmek hem-de olary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak, şeýle hem ösümlikleri goramagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barlar.

Arkadag şäherinde döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ahalteke bedewlerini ylmy esasda öwrenmek we ylmy-seleksiýany işlerini kämilleşdirmek, atçylyk pudagyna dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak hem-de ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny mundan beýläk-de belende galdyrmak boýunça işler ylmy esasda kämilleşdiriler. Bu işlerde ahalteke atlaryna mahsus bolan we beýleki at tohumlarynda seýrek duş gelýän reňkleri köpeltmek meselesine aýratyn üns berler. Şeýle hem, weterinar hyzmatlarynda at lukmançylygy ösdüriler.

Döwletimiziň alyp barýan ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Arkadag şäherinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak hem-de olaryň biodürlüligini köpeltmek, tebigy baýlyklarymyzy tygşytly we rejeli peýdalanmak we geljek nesillerimize ýetirmek, şeýle hem sebiti bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçiriler.

3.4. Arkadag şäheriniň ulag we kommunikasiýa ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary

Arkadag şäherinde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, döwrebap aragatnaşyk ulgamlaryny, innowasion oýlap tapyşlary we enjamlary ornaşdyrmak işlerine aýratyn uly üns berler.

Gurnalyp işe goýberilen sanly ulgamlar, Arkadag şäherinde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere öňdebaryjy usullary ornaşdyrmaga, elektron maglumat gorlaryny döretmäge, olaryň kiberhowplara garşy ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, sanly we elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga, şäherde sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmäge, elektron söwda hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge, şäher boýunça döwrebap maglumat geçiriji ulgamlaryny döretmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Arkadag şäherinde aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, döwrebap aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmek, bu ulgama iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary we maglumat tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, şäheriň ilatyna ýokary hilli ykjam, internet aragatnaşygy we simli hem-de sanly tele we radioýaýlymlary hödürlemek, sanly üpjünçilik ulgamyny ösdürmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň çäklerinde kiberhowplara garşy tehnologiýalaryň we talaplaryň infrastrukturasyny döretmek we kämilleşdirmek, bu ugurda hereket edýän kanunçylygy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek babatynda işler alnyp barlar.

Arkadag şäherinde ilata edilýän sanly hyzmatlaryň ygtybarly işjeňligi, elýeterligi, ätiýaçlygy, maglumat we kiberhowpsuzlygy üpjün ediler.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda Arkadag şäheriniň demir ýol menziliniň, şeýle hem awtomobil menziliniň, awtotoplumynyň we bellige alyş nokadynyň binalarynyň 2026-njy ýylda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Şäheriň ilatyna döwrebap ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin elektrobuslar, elektromobiller satyn alnar.

3.5. Arkadag şäheriniň söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary

«Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäginde, ilatyň dürli görnüşli sarp ediş harytlaryna bolan isleglerini ýokary derejede üpjün etmek, ýagny häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan sowda we jemgyýetçilik iýmiti desgalarynyň gurluşygyna maýa goýumlaryny giňden çekmek arkaly amala aşyrmak ileri tutulýar.

Arkadag şäheri ýurdumyzyň iri ylym, bilim, medeni we halkara merkezleriniň biri bolar hem-de ýokary derejeli halkara sergileriň, forumlaryň, maslahatdyr duşuşyklaryň, festiwallaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Geljekde hem bu ugurdaky işler giňden ýaýbaňlandyrylar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy gurluşyk kärhanalary Arkadag şäheriniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynda dünýäniň şähergurluşyk, inženerçilik-tehniki ösüşiniň iň täze nusgalaryny özünde jemleýän, ekologiýa babatda dünýä ülňülerine gabat gelýän durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, çeper haly kärhanasynyň we ýol-ulag düzümleriniň gurluşyklaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar.

Konsepsiýanyň meýilleşdirilýän döwründe önümçilikde, söwda we hyzmat ediş ulgamynda hususy bölegiň paýyny giňeltmek boýunça işler dowam etdiriler. Ilata edilýän hyzmatlaryň hilini we görnüşini kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdiriler.

Hususy bölek tarapyndan şäherde süýt, et, gök-bakja we miwe önümlerini gaýtadan işleýän ekologiýa taýdan arassa döwrebap önümçilikler dörediler we dürli görnüşli önümleriň önümçiligi ýola goýlar.

3.6. Arkadag şäheriniň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary

Arkadag şäheriniň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar ulgamlaryny sazlaşykly we özara baglanşykly ösdürmek göz öňünde tutulýar. Konsepsiýa laýyklykda bu ulgamlarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak, onuň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek, işgärleriň netijeli işlemekleri üçin has giň mümkinçilikler we döwrebap şertler dörediler.

Ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, Arkadag şäherinde ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar ulgamlarynyň toplumlaýyn ösdürilmegi ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleriň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmakdan hem-de sanly ulgamy kämilleşdirmekden, «akylly» täze tehnologiyalaryň ornaşdyrylyşyny tizleşdirmekden ybarat bolup, sanly ulgamyň üsti bilen şäheriň dolandyrylyşynyň netijeliliginiň we ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdiriler.

Arkadag şäheriniň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar ulgamlarynyň geljekki ösüşi dünýä giňişliginde mynasyp ornuny eýelemegi hem-de jemgyýetiň we şahsyýetiň ösen talaplaryny kanagatlandyrmak üçin bu ulgamlary halkara ülňülerine laýyklykda innowasion esasda ösdürmäge, bu ugurda gazanyljak tejribeleri şäheriň hem-de tutuş ýurduň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar ulgamlaryna yzygiderli ornaşdyrmaga we halkara derejelerine çykarmaga gönükdiriler.

Konsepsiýanyň durmuşa geçirilýän döwründe ylym ulgamynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berlip, düýpli ylmy gözlegler esasynda ylmy işler alnyp barlar, ylym bilen önümçiligi utgaşdyrmak, ylmy-barlaglary we innowasion işläp düzmeleri täjirleşdirmek boýunça işler ýola goýlar.

Arkadag şäherinde «akylly tehnologiýalar», «ýaşyl tehnologiýalar» we «emeli aň» ýörelgelerine esaslanýan ugurlar işjeň ösdüriler.

Arkadag şäheriniň bilim ulgamynyň dünýäniň bilim ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyny we olaryň depginli ösmegini utgaşdyrmak bilen baglanyşykly guramaçylyk, hukuk, üpjünçilik işleri işjeň alnyp barlar. Dünýäniň öňdebaryjy ylmy-pedagogik we ylmy-usulyýet tejribelerini yzygiderli öwrenmegiň, seljermegiň, umumylaşdyrmagyň esasynda olary Arkadag şäheriniň bilim ulgamyna ornaşdyrmak we bu oňyn tejribäni ýurduň bilim edaralaryna yzygiderli ýaýratmak boýunça işler geçiriler.

Arkadag şäherinde ýerleşýän edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň ýokary bilimli hünärmenlerini bilim maksatnamalary esasynda täze hünärleri ele almak üçin gaýtadan taýýarlamak, olaryň hünär endiklerini çuňlaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalar, öňdebaryjy halkara tejribesi babatda hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary guramak, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we arhiw ulgamlarynyň elektron maglumat gorlaryny maglumatlar bilen yzygiderli baýlaşdyrmak babatynda işler dowam etdiriler.

Arkadag şäheriniň ilatyň saglygyny düýpli gowulandyrmak hem-de raýatlaryň ömrüni uzaltmak ýaly baş ýörelgelere esaslanýan Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, iň ýokary halkara ölçeglere gabat gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny we sanly lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilen öňüni alyş, anyklaýyş we bejeriş çärelerini yzygiderli guramak we geçirmek boýunça işler alnyp barlar.

Arkadag şäherinde maşgala meýdançalarynyň elektron sanawyny düzmek, dürli keselli näsaglaryň registrlerini döretmek we dispanser gözegçiligine almak, dikeldiş we sport lukmançylygyny ösdürmek we bu ugurlar boýunça hünärmenleriň hünär derejesini üznüksiz kämilleşdirmek bilen bagly işlere giň gerim berler.

Arkadag şäherinde enäniň we çaganyň saglygyny goramak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler durmuşa geçiriler.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna hemaýata mätäç ýarawsyz çagalaryň kesellerini anyklamak we netijeli bejermek boýunça Arkadag şäherinde işler dowam etdiriler.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde ýurdumyzyň dürli sebitlerinden gelen ýarawsyz çagalaryň saglygyny dikeltmek babatda mümkinçilikleri giňeltmek, bejergi meýilleşdirilýän hereketi çäklenen çagalara robotlaşdyrylan mehano-terapiýany ýola goýmak we kämilleşdirmek boýunça işlere uly orun berler.

Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri halkara ylmy-önümçilik merkezi dörediler.

Arkadag şäherinde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän «sagdyn şäher» we «temmäkiden azat şäher» diýen gurşawy döretmek babatynda işler alnyp barlar.

Arkadag şäherine ýiti ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ygtybarly epidemiologik-gözegçilik ulgamynyň işini ýola goýmak, keselleriň öňüni almak we olary azaltmak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bejeriş-öňüni alyş edaralaryny saglygy goraýşa niýetlenen önümler - derman serişdeleri, enjamlar, abzallar, gurallar bilen üpjün etmek boýunça işler geçiriler.

Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş, bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň resmi lukmançylyk web-saýtlaryny döretmek we bu resmi web-saýtlaryň kömegi bilen barlag we bejergi aljak raýatlaryň özlerine gerek bolan maglumatlardan peýdalanmagyny we olara barlag-bejergi maslahatlaryny almak üçin elektron nobata ýazylmaklaryny ýola goýmak babatynda işler alnyp barlar.

Gaýragoýulmasyz telelukmançylyk toplumynyň ösüşini artdyrmak we heläkçiligiň ýüze çykan ýerinde gaýragoýulmasyz lukmançylyk işini alyp barmaga ýardam etmek maksady bilen, Arkadag şäherinde 123 gullugyň işi halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdiriler.

Arkadag şäherinde sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge aýratyn üns berler. Binagärligiň özboluşly nusgasyna öwrülen «akylly» Arkadag şäherinde köpugurly sport toplumy, 10 müň orunlyk stadion gurlup, ulanmaga berildi. Bu sport toplumlarynda türgenler, tälimçiler, habar beriş serişdeleriniň wekilleri we köpsanly myhmanlar üçin ähli amatly şertler döredilendir.

Arkadag şäheriniň sport maksatly binalarynda we desgalarynda sportuň görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary, okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary hem-de seminar-maslahatlary yzygiderli geçiriler, beden taýýarlygyny talap edýän hereketli, adaty sport oýny bilen kibersportuň, ylmyň we tehnologiýanyň utgaşmagyndan dörän täze sport görnüşi bolan fijital sportuny ösdürmek boýunça işler geçiriler.

«Arkadag» futbol toparynyň ýurdumyzyň milli çempionatynda we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagy üpjün ediler.

Arkadag şäheri bilen Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we sportuň görnüşleri boýunça halkara federasiýalaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdüriler.

Ýaşlarda hukuk düşünjesini we medeniýetini kemala getirmek, olaryň ýurdumyzyň kanunçylygy baradaky bilimlerini çuňlaşdyrmak, milli we umumadamzat gymmatlyklaryna bolan hormat, şonuň bilen bir hatarda adam hukuklary, gender deňligi, parahatsöýiijilik, agzybirlik we jebislik ýaly ynsanperwer düşünjeleri ösdürmek, durmuş-syýasy we ykdysady işjeňligi hem-de raýat garaýşyny berkitmek boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli geçiriler.

Ýaşlary ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, maşgalanyň we jemgyýetiň sazlaşykly gatnaşyklaryny gazanmak maksady bilen, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan degişli düşündiriş, wagyz-nesihat işleri, şeýle hem ýaşlary öz saýlap alan hünärlerini özleşdirmäge höweslendirmek arkaly olaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmek, täze bilimleri özleşdirmek, hemişe öz üstüňde işlemek we kämilleşmek, döwrebap tehnologiýalary maksadalaýyk peýdalanmak, telekeçilik endiklerini ösdürmek boýunça zerur işler yzygiderli geçiriler.

Arkadag şäheriniň arhiw ulgamy kämilleşdiriler, arhiw maglumatlarynyň sanlylaşdyrylmagy alnyp barlar we olaryň sanly maglumat binýady dörediler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (UNICEF), Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy (UNESCO), Ösüş Maksatnamasy (UNDP), Hat gaznasy (UNFPA) bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde işlenilip düzülýän halkara standartlaryna laýyk gelýän hukuk namalar, okatmagyň we lukmançylyk hyzmatlarynyň innowasion usulyýetlerini we sanly ulgamlaryny Arkadag şäheriniň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar edaralaryna yzygiderli ornaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçiriler.

3.7. Arkadag şäheriniň medeniýet ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamyny, çeper edebiýaty we halk döredijiligini, milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy döwrebap derejede ösdürmek, medeni mirasymyzyň gymmatlyklaryny, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi gorap saklamak hem-de bu gymmatlyklaryň ata-babalarymyzdan gaýdýan nusgalaryny kämilleşdirmek, olary geljekki nesillere ýetirmek, medeniýet, sungat, teatr, konsert edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, milli folklory we tans dessurlaryny, maşgala mukaddesliklerini, maddy däl medeni mirasymyzyň gaýtalanmajak nusgalaryny umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna goşmak, muzeý we kitaphana edaralarynyň gaznalaryny baýlaşdyrmak baradaky çäreler Arkadag şäherini ösdürmegiň medeni syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Gojaman Köpetdagy etekläp oturan sebitde deňi-taýy bolmadyk, ekologiýa taýdan arassa we ynsan saglygy üçin döwrebap hem-de oňyn şertleri özünde jemleýän «akylly» Arkadag şäherinde gurlan medeni-durmuş maksatly binalaryň we medeniýet edaralarynyň hatarynda Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirliginiň binalar toplumy, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi bar.

Bu medeniýet we döredijilik ähmiýetli edaralarda olaryň maksatlaýyn ugurly işlerini, medeni-köpçülik çärelerini, konsertleri we çykyşlary guramak işleri meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýar.

Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherini döretmek, «akylly» şäher konsepsiýasyny işläp düzmek, şäherde ekologiýa abadançylygyny, ýaşaýjylaryň we raýatlaryň döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek baradaky bimöçber aladalaryny giňden wagyz etmek we düşündirmek boýunça işler dowam etdiriler.

Konsepsiýanyň durmuşa geçirilýän döwründe Arkadag şäherinde ýerleşýän medeniýet edaralarynyň işinde innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, geçirilýän medeni-köpçülik çärelerini, baýramçylyk hem-de teatrlaşdyrylan dabaralary döwrebap guramak, medeni hyzmatlaryň hilini we derejesini ýokarlandyrmak boýunça işlere giň orun degişli ediler.

Arkadag şäherindäki Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphananyň, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň, medeni dynç alşy guramak babatda maksatlaýyn işleri alyp barýan beýleki medeniýet ojaklarynyň işi has-da kämilleşdiriler.

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna okyjylary çekmek, kitaphana hyzmatynyň döwrebap usullaryny hödürlemek babatdaky, şeýle hem Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gelýän raýatlary, şol sanda daşary ýurtly raýatlary giňden çekmek, muzeý hyzmatynyň kämil we döwrebap usullarynyň netijeliligini artdyrmak boýunça işler dowam etdiriler.

Arkadag şäherini mahabatlandyrmak bilen şäheriň syýahatçylyk mümkinçilikleri giňden peýdalanylar, ýörite syýahatçylyk ugurlary açylar, syýahatçylygy toplumlaýyn ösdürmek, döwrebap we amatly dynç alyş şertlerini döretmek boýunça işler dowam etdiriler.

Arkadag şäheriniň çäklerinde we bu sebitde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleri goramak, dikeltmek we rejelemek boýunça bellenilen işler yzygiderli ýerine ýetiriler. Milli folklor sungatymyzyň, halk döredijiliginiň, milli däp-dessurlarymyzyň kämil nusgalaryny toplamak, öwrenmek we gorap saklamak, bu ugurlar boýunça ylmy ekspedisiýalary yzygiderli guramak, çeper höwesjeňleriň arasynda bäsleşikleri, gözden geçirişleri, festiwallary geçirmek işleri alnyp barlar.

Arkadag şäheriniň çäklerinde türkmen milli aýdym-saz, tans sungatyny ösdürmek, medeni we milli mirasyny goramak, toplamak we saklamak, ilatyň aýdym-saz, wokal we tans sungatyna bildirýän ruhy talaplaryny kanagatlandyrmak, aýdym-saz, tans sungatyna höwesjeň zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olardan hakyky sungat ussatlaryny terbiýeläp ýetişdirmek bilen bagly işlere aýratyn ähmiýet berler.

4. Arkadag şäherinde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek

Türkmenistanda durmuşa geçirilýän deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we parahatçylyk arkaly ösüş ýörelgelerine esaslanýan daşary ykdysady syýasaty ýurdumyzyň beýleki daşary ýurtlar we abraýly halkara guramalary bilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Arkadag şäheri özüniň binagärlik aýratynlygy, ekologiýa talaplarynyň ýokary derejede berjaý edilmegi, «akylly şäher» ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylmagy, ilatyň ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi babatynda halkara derejesinde uly gyzyklanma döredýär. Bu bolsa Arkadag şäheriniň işjeň haklara hyzmatdaşlygyny alyp barmagyny şertlendirýär.

2023-nji ýylda Arkadag şäher häkimligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň hökümetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga we 2023-2027-nji ýyllarda söwda- ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek barada çäreleriň Meýilnamasyna - «Ýol kartasyna» gol çekildi.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan, Gruziýanyň Telawi, Fransiýa Respublikasynyň Mezon-Laffit we Täjigistan Respublikasynyň Hujand şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýuldy, şeýle hem beýleki şäherler bilen hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça işler alnyp barlar.

Konsepsiýanyň durmuşa geçirilýän döwründe Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzüm birlikleri bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP), Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi guramasy (UNIDO), Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (UNICEF), Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlaryň durnukly ösüşi boýunça Maksatnamasy (UN-Habitat) bilen bilelikde ýerine ýetirilýän taslamalaryň çäklerinde Arkadag şäherine degişli işler alnyp barlar. Dürli çäreler geçiriler.

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky hem-de beýleki abraýly halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk ediler.

Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Arkadag şäherinde dürli halkara derejeli çäreler guralar.

Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Halkara sergiler býurosynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýlar we geljekde Arkadag şäherinde dürli ugurlar boýunça halkara sergileri geçiriler.

«Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde şäher ösüşi ugrunda durnukly howanyň üýtgemegine uýgunlaşan innowasion çözgütler» atly taslamasynyň çäklerinde degişli işler alnyp barlar. Bu taslama gatnaşýan beýleki şäherler bilen ýokarda agzalan ugurlarda hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldiler.

Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) bilen hyzmatdaşlyk ösdüriler. Arkadag şäherinde sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary yzygiderli guralar.

Arkadag şäheriniň gurluşygy «akylly şäher» konsepsiýasyna laýyk gelýän akylly şäherleriň standartlaryny, ýaşyl tehnologiýalary we ýokary daşky gurşaw ülňülerini ulanyp, şäher gurluşygynyň öňdebaryjy usullary esasynda amala aşyryldy. «Akylly şäher» ýörelgesiniň yzygiderli kämilleşdirilýändigi bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň dünýäniň «akylly» şäherleri bilen halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berler.

Ekologiýa babatda ýokary halkara ülňüleri «akylly şäherlere» bildirilýän esasy talaplaryň biri bolup durýar. Tebigy baýlyklary goramak, energiýany netijeli dolandyrmak, galyndylary azaltmak we suw tygşytlamak ýaly ugurlarda akylly çözgütleri ulanmak arkaly daşky gurşawyň aýawly saklanmagyna gönükdiriler.

Şäher durmuşynyň ähli ugurlarynda ösen sanly çözgütleri durmuşa geçirmek boýunça dünýäniň akylly şäherleri bilen hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda işler durmuşa geçiriler.

Şäher dolandyrylyşynyň ýol-ulag we jemagat ulgamlarynda. syýahatçylyk, ekologiýa, energiýa, şäheriň ösüşini meýilleşdirmek we beýleki ulgamlarda sanly çözgütleri ulanmak boýunça akylly şäherleriň iş tejribeleri öwreniler we oňyn tejribeler ornaşdyrylar.

5. Arkadag şäherinde sanly ykdysadyýeti ösdürmek

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada bellenen wezipelerden ugur alyp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, sebitleri we şäherleri dolandyrmakda döwrebap sanly çözgütler giň gerim bilen ulanylýar.

Arkadag şäheri - Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäheriň, sanly özgertmeleriň we «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmagyň üstünlikli mysalydyr.

Bu şäherde «akylly şäher» ýörelgeleri gurluşygyň ilkinji gilnünden başlap, desgalaryň işe girizilmegine çenli döwürde gurulýan binalaryň we desgalaryň, inžener üpjünçilik ulgamlarynyň netijeliligine we hiline gözegçilik etmek işlerini has netijeli guramaga, daşky gurşawa zyýanly täsirleri peseltmek boýunça çemeleşmeleri durmuşa geçirmäge ýardam berdi.

Arkadag şäherinde gurnalyp işe girizilen innowasion tehnologiýalar we sanly çözgütler «akylly» öý ulgamyny döretmäge, bu hyzmatlary menzilara dolandyrmaga, olaryň kiberhowplara garşy ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Şäher dolandyryş ulgamyny sanlylaşdyrmak we howanyň üýtgemegine, biodürliligiň ýitmegine garşy göreşmek we daşky gurşawa ýetirilýän täsiri azaltmak üçin «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak babatynda tejribe alyşmak boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeldiler.

Şäheriň durmuşynda iň kämil sanly tehnologiýalary we döwrebap innowasiýa çözgütleri sazlaşykly ornaşdyrmak, ýaşaýjylar üçin oňaýly şertleri üpjün etmek işleri dowam etdiriler.

Döwrebap tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün edilen kärhanalary dolandyrmakda ýokary derejeli bilimli we hünärli, netijeli dolandyryş çözgütlerini kabul etmäge ukyply, şeýle hem tehniki taýdan sowatly we daşary ýurt dillerini bilýän hünärmenleri taýýarlamak boýunça yzygiderli işler alnyp barlar.

Şäheriň dolandyryş ulgamynda maglumat hyzmatlarynyň, ulgamyň maglumat-kommunikasiýa üpjünçiligini ösdürmegiň, adamyň intellektual mümkinçiligini doly derejede ulanmagyň hilini we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdiriler.

Arkadag şäherinde internet hyzmatlarynyň hiline we elýeterlilik derejesine, maglumat aragatnaşyk üpjünçilik ulgamynyň ösüş derejesine, adam maýasyny ösdürmäge uly üns berler.

6. Arkadag şäherinde daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgeleriniň durmuşa geçirilişi

«Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly işler dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly dowam etdiriler. Hususan-da Arkadag şäherinde ynsan saglygyna we ekologiýa örän peýdaly bolan jemgyýetçilik ulaglarynyň - elektrobuslaryň, elektromobilleriň peýdalanylmagy mundan beýläk hem giňeldiler, öňdebaryjy inžener-kommunikasiýa tehnologiýalary giňden ornaşdyrylar, zir-zibilleri görnüşleri boýunça aýratynlykda toplamaga niýetlenilen gigiýena talaplaryna laýyklykda arassa nokatlar dörediler.

Arkadag şäherinde we onuň daş-töwereginde tokaý zolaklarynyň giňeldilmegine, tokaý hojalygyny ýöretmek boýunça halkara tejribesini giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns berler. Şäheriň daşky gurşawyna ekologiýa taýdan gözegçiligiň hem-de garaşylýan howa çaklamalarynyň kämil ulgamlarynyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berler.

Ilatyň ekologiýa biliminiň we ekologiýa medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly işler dowam etdiriler.

Bu döwrebap şäherde bina edilen desgalar ekologiýa, howpsuzlyk hem-de tehnologiýalar babatda dünýä ülňülerine laýyk gelýär. «Akylly» şäher konsepsiýasyna esaslanýan şäherde öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylyp, şäheriň dolandyrylmagyny üpjün edýän ýeke-täk ekoulgam yzygiderli kämilleşdiriler.

Şäheriň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrlarynda senagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygynda, çig mallaryň gaýtadan işlenilmeginde häzirki döwrüň ekologiýa talaplaryny doly berjaý etmek göz öňünde tutular. Bu işleriň ählisi Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerine laýyklykda alnyp barlar.

Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulmagy, bu gurama bilen tebigatdan rejeli peýdalanmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder.

Arkadag şäheriniň «ýaşyl» ösüşi maýa goýumlary we innowasiýa gönükdirilen täzeçillik, ekologiýa taýdan arassa senagat we sagdyn jemgyýet gurmak üçin iri daşary ýurt kompaniýalary we halkara guramalary bilen döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmäge gönükdiriler.

Köpetdagyň gözel künjeginde kemala gelen Arkadag şäherinde gurnalyp işe girizilen innowasiýa tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça geçirilen çäreler tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmaga hem-de tebigaty goramaklygy ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Arkadag şäherinde «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy ugurlary ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, suw serişdelerini netijeli dolandyrmaga, energiýa we suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň gerimini giňeltmäge, «ýaşyl» tehnologiýalar we daşky gurşaw babatynda tejribeleri kämilleşdirmäge, galyndylary dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdiriler.

Şeýlelikde, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, şäheri bagy-bossanlyga öwürmek boýunça yzygiderli geçiriljek toplumlaýyn çäreler şäher ilatynyň ýaşaýyş durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

7. Arkadag şäherinde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ata Watanymyzyň öňe sürýän parahatçylyk we howpsuzlyk, energetika hem-de ekologiýa babatdaky amala aşyrýan beýik işleri, teklipleri dünýäde uly goldawa eýe bolýar.

Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde işjeň ösdürilýär.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan durmuş we medeni ulgamyň durnuklylygynyň üpjün edilmegine, daşky gurşawy gorap saklamak we howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça işleriň geçirilmegine gönükdirilen Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibine laýyklykda, Durnukly ösüşiň ähli 17 sany maksadyny Türkmenistan resmi taýdan ilkinji bolup kabul eden döwletleriň biri boldy.

«Akylly şäher» konsepsiýasyna laýyk gelýän täze döwrebap Arkadag şäheriniň gurluşygy, akylly şäherleriň standartlaryny, «ýaşyl» tehnologiýalary we ýokary daşky gurşaw ülňülerini ulanyp, köp asyrlyk milli binagärlik we şäher gurluşygynyň öňdebaryjy usullary esasynda amala aşyryldy.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň iş tejribesinde Durnukly Ösüşiň Hemmeler üçin suw serişdeleriniň bolmagyny we rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek hem-de arassaçylygyň elýeterliligini we durnukly dolandyrylmagyny üpjün etmek babatda 6-njy Maksadyndan, Şäherleriň we ilatly nokatlaryň açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuşa ukyplylygyny we ekologiki durnuklylygyny üpjün etmek babatda 11-nji Maksadyndan, Sarp edişiň we önümçiligiň netijeli görnüşlerine geçirilmegini üpjün etmek babatda 12-nji Maksadyndan we Durnukly ösüşiň hatyrasyna ählumumy hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyryjy serişdeleri pugtalandyrmak we işleri tizleşdirmek babatda 17-nji Maksadyndan ugur alyndy.

Bu wezipeler şäheriň dolandyryş ulgamyny sanlylaşdyrmaga, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga, täze iş ýerleriň döremegine we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge hem-de şäher ilatynyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Geljekde Arkadag şäheriniň şähergurluşyk maksatnamasy boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen Durnukly ösüş ulgamy barada hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça zerur işler geçiriler.

8. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň maliýe taýdan üpjünçiligi

«Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin döwletiň we ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň hem-de çekilen maliýe serişdeleri jemlener. Şunda döwletiň maliýe serişdeleri esasan ulgamlaýyn we bölekleýin goldaw çärelerine, üpjünçilik ulgamyny ösdürmäge gönükdiriler.

Konsepsiýany durmuşa geçirmek bilen bagly wezipeleri şu aşakdaky serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirmek göz öňünde tutulýar:

- Türkmenistanyň döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän edaralar, kärhanalar we guramalar üçin döwlet býujetinde göz öňünde tutulan serişdeler;

- hojalyk hasaplaşygyndaky edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň öz serişdeleri;

- çekilen serişdeler;

- hususy taraplaryň öz serişdeleri;

- paýly gatançlar;

- hemaýatkärleriň serişdeleri;

- grantlar we halkara tehniki kömek taslamalaryň serişdeleri;

- Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeler.

9. Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmeginden garaşylýan netijeler

«Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen şu aşakdaky netijeler gazanylar:

1) Arkadag şäheriniň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly we durnukly ösüşi üpjün ediler;

2) şäher dolandyryş ulgamynda sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylar we yzygiderli kämilleşdiriler, işiniň netijeliligi ýokarlanar;

3) şäheriň ilatynyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy gazanylar;

4) oňyn halkara tejribelerinden ugur alyp, şäheriň ilatyna edilýän jemagat hyzmatlaryň gerimi giňeldiler, hyzmat ulgamlary we görnüşleri kämilleşdiriler, hojalygyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işleri yzygiderli dowam eder we pugtalandyrylar;

5) ilatyň azyk önümleriň we beýleki gündelik sarp edýän harytlaryň görnüşleri bilen içerki bazarlarda elýeter bahalardan durnukly üpjün edilmegi gazanylar;

6) Arkadag şäherinde giň göwrümli binagärlik-şähergurluşyk maksatnamalaryna laýyklykda ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary, ýol-ulag we inžener-kommunikasiýa ulgamlary boýunça maýa goýum taslamalaryň durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilikler dörediler;

7) sanlylaşdyrmak boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri, döwrüň täze tehnologiýalary ornaşdyrylyp, «akylly» şäher ulgamy toplumlaýyn yzygiderli kämilleşdiriler we dünýäde nusgalyk derejede mynasyp orny eýelär;

8) maliýe, ykdysady we bank ulgamlary özgerer, daşary ýurt maýa goýumlarynyň Arkadag şäheriniň ykdysadyýetine işjeň çekilmegi üçin şertler dörediler;

9) Arkadag şäheriniň zähmet bazary sanlylaşdyrylyp, maglumat aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanmagyň derejesi ýokarlandyrylar we täze iş orunlary dörediler;

10) Arkadag şäherinde raýatlaryň durmuş hyzmatlaryna elýeterliligi ýokarlandyrylar. Pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, beýleki durmuş töleglerini we hyzmatlary amala aşyrmakda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňeldiler;

11) «Akylly jaý» we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän ulgamlary arkaly dolandyrylýan binalaryň we desgalaryň taslamalary işjeň durmuşa geçiriler;

12) Arkadag şäheriniň ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynda sanly tehnologiýalar we döwrebap usullar ornaşdyrylyp, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynda ilata hödürlenýän hyzmatlaryň ýokary derejede amala aşyrylmagy üpjün ediler we bu işler yzygiderli kämilleşdiriler. Hojalygyň maddy tehniki binýady berkidiler;

13) ýol-ulag düzümleriniň we beýleki üpjünçilik ulgamynyň desgalarynyň sanly ulgam arkaly dolandyrylyşy yzygiderli kämilleşdiriler we olaryň howpsuzlygy üpjün ediler;

14) Arkadag şäherinde döwrebap «akylly» energiýa tygşytlaýjy dolandyryş ulgamlary, elektromobiller, elektrobuslar we elektrotaksiler üçin zerur bolan tehniki hyzmat ediş kärhanasy dörediler we zarýad beriji beketler giňden ornaşdyrylar;

15) «Akylly öý» ulgamy üçin niýetlenen elektrik energiýasynyň, suwuň, tebigy gazyň sarp edilişini ölçeýji enjamlar, tebigy gazyň we suwuň syzdyrýandygyny anyklaýjy datçikler giňden ornaşdyrylar we «akylly şäher» ýörelgeleriniň özgermegi bilen aýakdaş yzygiderli kämilleşdiriler;

16) ýokary hilli, harytlyk görnüşleri dünýä standartlaryna laýyk gelýän oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmek, miwe-gök önümlerini ösdürip ýetişdirmek we gaýtadan işlemek, saklamak hem-de täze azyk önümleriniň tehniki şertlerini taýýarlamak boýunça işler ylmy esasda ösdüriler;

17) Arkadag şäheriniň ilaty ýokary hilli et we et önümleri, süýt we süýt önümleri, çörek, unaş, süýji-köke, şeker, mineral suwlar we alkogolsyz içgiler hem-de beýleki azyk önümleri bilen durnukly üpjün ediler;

18) şäherde et we et önümlerini, süýt we süýt önümlerini, gök-miwe önümlerini gaýtadan işleýän döwrebap önümçilik kärhanalary dörediler we ekologiýa taýdan önümleriň täze görnüşleri öndüriler;

19) Arkadag şäherinde ahalteke bedewlerini ylmy esasda öwrenmek we ylmy-seleksiýa işleri döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdiriler, atçylyk pudagyna dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrylar we weterinar hyzmatlarynda at lukmançylygy ösdüriler;

20) Arkadag şäherinde we onuň çäklerinde ekologiýa abadançylygy pugtalandyrylar, gök zolaklary dörediler, daşky gurşawy hapalaýan maddalaryň zyňyndylaryny azaltmak boýunça yzygiderli işler geçiriler;

21) Arkadag şäheriniň ulag we kommunikasiýa ulgamy öňdebaryjy sanly tehnologiýalar esasynda ösdüriler, döwrebap aragatnaşyk ulgamlary, innowasion oýlap tapyşlary we enjamlary yzygiderli ornaşdyrylyp, sanly hyzmatlaryň görnüşleri artdyrylar;

22) Arkadag şäheriniň aragatnaşyk ulgamy döwrebaplylygy bilen tapawutlanar, häzirkizaman maglumat geçiriji ulgamlary we elektron maglumat gorlary dörediler, ulgamlaryň kiberhowplara garşy ygtybarlylygy ýokarlandyrylar, sanly bilim, sanly lukmançylyk ulgamlary kämilleşdiriler we elektron söwda hyzmatlarynyň gerimi giňeldiler;

23) şäheriň ilatynyň ýokary hilli ykjam, internet aragatnaşygy we simli hem-de sanly tele we radioýaýlymlary bilen üpjünçiligi ýokarlanar, bu ugurda sanly üpjünçilik ulgamy ösdüriler;

24) Arkadag şäheriniň söwda we hyzmatlar ulgamy döwrüň talabyna laýyklykda ösdüriler, ilatyň dürli görnüşli sarp ediş harytlaryna bolan islegleri ýokary derejede üpjün ediler, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylan söwda we jemgyýetçilik iýmiti desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň çekilmegi dowam ediler;

25) önümçilik, söwda we hyzmat ulgamynda hususy bölegiň paýy artdyrylyp, ilata edilýän hyzmatlaryň hili kämilleşdiriler we görnüşleri artdyrylar;

26) milli el halyçylyk sungaty işjeň ösdüriler, türkmen halylarynyň dünýä nusgalyk görnüşleriniň dokalmagy üçin çeper halyçylyk kärhanasy gurlar, gadymy nepis türkmen göllerini dikeltmek işleri dowam etdiriler;

27) ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, Arkadag şäherinde ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar ulgamlarynyň toplumlaýyn ösdürilmegi gazanylar, bu ulgamlara «akylly» täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy işjeň ösdüriler;

28) Arkadag şäherinde «akylly tehnologiýalar», «ýaşyl tehnologiýalar» we «emeli aň» ýörelgelerine esaslanýan ugurlar işjeň ösdüriler;

29) şäheriň bilim edaralarynyň ýurdumyzyň bilim ulgamlaryna sazlaşykly goşulyşmagy gazanylar. Dünýäniň öňdebaryjy ylmy-pedagogik we ylmy-usulyýet tejribeleri yzygiderli öwreniler we bu oňyn tejribeler yzygiderli ornaşdyrylar;

30) şäherde ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary işjeň ösdüriler we sanly lukmançylyk ulgamy kämilleşdiriler, ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilen öňüni alyş, anyklaýyş we bejeriş çäreleri, lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler yzygiderli geçiriler;

31) Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işi ylmy esasda dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdiriler;

32) Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri halkara ylmy-önümçilik merkezi dörediler we onuň işi ösdüriler;

33) Arkadag şäherinde gaýragoýulmasyz telelukmançylyk toplumy ösdüriler, gaýragoýulmasyz lukmançylyk hyzmatyny ýerine ýetirýän 123 Gullugyň işi halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdiriler;

34) Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli önümçilik toplumlarynda ylmyň soňky gazananlarynyň we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy esasynda öndürilýän döwrüň ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän lukmançylyk serişdeleriniň we saglygy goraýyş enjamlarynyň möçberi artdyrylar we daşary ýurtlara eksport edilmegi ýola goýlar;

35) Arkadag şäheriniň sport maksatly binalarynda we desgalarynda sportuň görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary, okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary hem-de okuw-maslahatlary yzygiderli geçiriler;

36) «Arkadag» futbol toparynyň ýurdumyzyň milli çempionatynda we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagy üçin hemmetaraplaýyn goldaw bermek boýunça işler dowam etdiriler;

37) Arkadag şäheri bilen Halkara Olimpiya komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, Halkara Futbol federasiýasynyň (FIFA) we sportuň dürli görnüşleri boýunça beýleki halkara federasiýalaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýlar we ösdüriler;

38) Arkadag şäheriniň arhiw ulgamy kämilleşdiriler, arhiw maglumatlary sanlylaşdyrylyp, sanly maglumat binýady dörediler;

39) Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherini döretmek, «akylly» şäher konsepsiýasyny işläp düzmek, şäherde ekologiýa abadançylygyny, ýaşaýjylaryň we raýatlaryň döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek baradaky bimöçber aladalaryny giňden wagyz etmek boýunça işleriň geçirilmegi yzygiderli dowam ediler;

40) Arkadag şäherinde ýerleşýän medeniýet edaralarynyň işinde innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrylar, geçirilýän medeni-köpçülik çäreleriniň, baýramçylyk hem-de teatrlaşdyrylan dabaralaryň, medeni hyzmatlaryň hili we derejesi ýokarlandyrylar;

41) Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, geçirilýän çäreler we gazanylýan üstünlikler barada halk köpçüligine giňişleýin habar bermek babatda «Arkadag» gazetiniň hem-de «Arkadag» teleýaýlymynyň işi döwrebap alnyp barlar hem- de döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylar;

42) Arkadag şäherini mahabatlandyrmak maksadynda şäheriň syýahatçylyk mümkinçilikleri giňden peýdalanylar, ýörite syýahatçylyk ugurlary açmak arkaly syýahatçylyk toplumlaýyn ösdüriler, döwrebap we amatly dynç alyş şertleri üpjün ediler;

43) milli folklor sungatymyzyň, halk döredijiliginiň, milli däp-dessurlarymyzyň kämil nusgalaryny toplamak, öwrenmek we gorap saklamak bilen bagly işler netijeli ýerine ýetiriler, bu ugurlar boýunça ylmy ekspedisiýalar yzygiderli guralar, çeper höwesjeňleriň arasynda bäsleşikler, gözden geçirişler we festiwallar geçiriler;

44) Arkadag şäherinde täze iş orunlary dörediler, ilatyň, şol sanda ýaş hünärmenleriň iş bilen üpjünçilik derejesi ýokarlanar;

45) Arkadag şäheri bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan, Gruziýanyň Telawi, Fransiýa Respublikasynyň Mezon-Laffit we Täjigistan Respublikasynyň Hujand şäherleriniň arasynda ýola goýlan doganlyk gatnaşyklary ösdüriler we beýleki şäherler bilen täze doganlyk gatnaşyklary ýola goýlar;

46) Arkadag şäher häkimligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň hökümetiniň arasynda gol çekilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga laýyklykda, göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi dowam ediler;

47) Arkadag şäheriniň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzüm birlikleri bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP), Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi guramasy (UNIDO), Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (UNICEF), Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlaryň durnukly ösüşi boýunça Maksatnamasy (UN-Habitat), Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen halkara hyzmatdaşlygy ösdüriler;

48) «Akylly şäher» ýörelgesiniň yzygiderli kämilleşdirilýändigi bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň dünýäniň beýleki «akylly» şäherleri bilen halkara hyzmatdaşlygy ýola goýlar we ösdüriler, özara tejribeleriň alyşylmagy üpjün ediler;

49) Arkadag şäherinde «ýaşyl» ykdysadyýetiň ösdürilmegine uly ähmiýet berler, ekologiýa howpsuzlygy berkidiler, energiýa we suw serişdeleriniň netijeli dolandyrylmagy gazanylar, galyndylary dolandyrmagyň netijeliligi ýokarlandyrylar;

50) «Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeler Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini gazanmaga mümkinçilik berer.