Birleşen Milletler Guramasynyň Baş secretary Antonio Guterreşi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş secretary Antonio Guterreşi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2024 ý., № 6-7, 704-nji madda)
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, Bitaraplyk syýasatyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de baýlaşdyrmaga, halklaryň arasynda parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmäge we özara bähbitli ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreşi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2024-nji ýylyň 6-njy iýuly.
№ PP-382