Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2023 ý., № 7, 456-njy madda)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny we daşky gurşawyny goramagy düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly bu pudaklaryň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bölünmegi arkaly, onuň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmeli.

2. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi degişlilikde Türkmenistanyň Adalat ministrligi we beýleki degişli ministrlikler bilen bilelikde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi hakyndaky Düzgünnamalaryň, olaryň merkezi edaralarynyň gurluşlarynyň taslamalaryny, ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberleri, merkezi edaralarynyň işgär sany baradaky hem-de şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek hakyndaky teklipleri taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

3. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini oba hojalygy boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

4. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini daşky gurşawy goramak boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

5. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministri, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

№ PP-240