Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyny jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyny jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2023 ý., № 1-2, 301-nji madda)
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana ata - babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip hem-de türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan taryhy tejribesine daýanyp, döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli wajyp meseleleri jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda ara alyp maslahatlaşmak, Garaşsyz Watanymyzda ýetilen sepgitleri, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi täze derejelere ýetirmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 801-nji maddasyna laýyklykda karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyny jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde, Maslahat köşgünde geçirmeli.
2. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri ýerli wekilçilikli edaralaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň teklipleri esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyna gatnaşmak üçin teklip edilýän jemgyýetçilik wekilleriniň sanawyny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň garamagyna 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwaryna çenli hödürlemeli.
3. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagyndaky bilelikdäki maslahatyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işleri utgaşdyrmaly, bu işlerde welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermeli.
4. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagyndaky bilelikdäki maslahatyny geçirmek bilen bagly çykdajylary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maliýeleşdirmeli.
5. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň Başlyklary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow
Aşgabat ş.
2023-nji ýylyň 2-nji ýanwary
№ PP-151