Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2022 ý., № 10-11, 254-nji madda)
Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly ulgamlaýyn esasda saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, halk seçgiçiligini ösdürmekde we kämilleşdirmekde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmeti nazara alnyp, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmaly:
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri Begenç Akmyradowiç Bakeýewe,
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Toplumynyň başlygy, hususy itşynas Orazmyrat Döwranowiç Orazmyradowa.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň 26-sy.
№ PP-137